Bolçulyga goşant

9 Iýul 2024
488

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, mallardan, aýratyn hem iri şahly mallardan alynýan önümleriň mukdaryny döwrebap artdyrmak baradaky hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine hötde gelinmegine hojalyk jemgyýetleri we hususyýetçiler, maldarçylyk toplumlarynda zähmet çekýänler hem mynasyp goşant goşýarlar. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Ak hünji» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumydyr. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän, esasy maksady ýurdumyzyň ilatynyň et we süýt önümlerine bolan ösen isleglerini kanagatlandyrmakdan, maldarçylyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmakdan we iri şahly mallaryň baş sanyny artdyrmakdan ybarat bolan, her ýylda 50 tonna süýt we 60 tonna et öndürmäge niýetlenen bu toplumda häzir işler sazlaşykly we netijeli dowam etdirilýär. Ýewropa döwletlerinden getirilip, biziň ýerli şertlerimize uýgunlaşdyrylan, golşteýn we simmental tohumlaryndan bolan mallar bu günki gün eýeleriniň dillerini gysga edenoklar. Gowy şertler, mümkinçilikler döredilen sygyrlardan alynýan önümler bu günki gün göreni begendirip, «tüweleme!» diýdirýär. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden hem-de mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen ýokary tehnologiýaly, döwrebap sagym enjamlaryny ussatlyk bilen ulanýan sagymçylaryň her biri sygyrlaryň birnäçesini birwagtda sagmagyň hötdesinden gelýär. Munuň özi sagym işlerini gysga wagtda geçirmäge we ýokary hilli süýt taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Mallara weterinariýanyň talaplaryny berk ýerine ýetirmek arkaly edilýän gözegçilik bolsa, sygyrlaryň sagatlygynyň hemişe talaba laýyk bolmagyny üpjün edýär.

Bu ýerde seredilýän mallaryň ot-iým meselesiniň hem oýlanyşykly çözülendigini aýtmak gerek. Topluma bölünip berlen ýer böleginiň 100 gektara golaý meýdany ot-iýmlik ekinler üçin niýetlenendir. Daşary ýurtly önüm öndürijilerden alnan kuwwatly tehnikalar, traktorlar, oba hojalyk gurallary bolsa, ekin ekmek, olary ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak we iým taýýarlamak ýaly derwaýys işlerde netijeli we bökdençsiz işledilýär.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar