Toprak bilen söhbet (Oýlanma)

9 Iýul 2024
629

Toprak, ene toprak! Daýhanyň derinden nemlenip, görklenen toprak. Ynsan ýüregi ýaly mähribansyň! Gudrat, keramat sendedir! Baýlyk, bereket, rysgal sendedir. Ata-babalarymyzyň ýürek ýagyna deňelen, bahar gelende ýaşyl kürtä bürenip, güýz sary donuny egnine atanda, penje-penje ak altynly hanalar bilen aklyga öwrülen, elwan gülleri bilen kalbyňy heserledýän, baýlygy, berekedi özünde jemläp, ähli zadyň enesine öwrülen keramat özüňsiň! Sen eçileniňde hasam owadansyň. Altyna öwrülen atyzlaryňdan gallaçy daýhanyň rysgaly boldan eçilýär. Ak hanalardan çogup çykan «ak altynlar» asmandaky ak bulutlar bilen bäsleşip, daýhanyň kalbyna üýtgeşik ýakym berýär. Sende bitýän bugdaýlary diýsene! Onuň sümmülleri saçlarymyzyň örümine meňzeş, ygşyldysy şirin sazlara meňzeş.

Eziz topragym, sen hakynda söhbet edeniňde, kalbyňda müň dürli duýgular döreýär. Seniň her daban ýeriň üçin başyny goýan ärleriň, gerçekleriň nurana keşpleri göz öňüňde janlanýar. Toprak hakynda ýatladygyňça, dürli pikirler hyýalyňa dolýar. Ezizlerimizi bagrymyza basyşymyz ýaly, seni-de bagra basyp bolýan bolsady. Senden aýalarymy dolduryp alyp, gözlerime sürtýän, tagzym edýän. Şonda-da az ýaly, asyl, seniň mähriň üýtgeşik. Käte-käte ol mähre nähili bendiwan bolanymy-da duýman galýaryn. Belki, onuň sebäbi sende doglup, dil bitip, ilkinji ädimimiziň hut seniň üstüňde başlanmagy bilen bagly bolmagyndadyr. Ýa-da ejem janyň şirin hüwdüleriniň gulagymda galyp, kalbyma siňendigindenmikä? Şu ýerde aýagymyň ýöränligini agzadym welin, topragym, ejem maňa dört ýaşaýançam nähili däri-derman etseler-de ýöräp bilmändigimi aýdardy. Şonda enem pahyr hasyl berýän topragymyzdan bir çümmük alyp, gatyga garyp içiripdir. Şeýle bir içýärmişim, gülüp, gülüp heziller edipdirler. Çaga üçin delje nahar bolup görnendir-dä... Bir hepdeden ýöräp gidemsoň, toprakdaky keramatyň çäksizdigine göz ýetiripdirler. Topragyň keramatdygy hakynda ýene bir haýran galdyryjy ýagdaýy okapdym. Uruş döwürlerinde ildeşlerimiz urşa gidenleriň wepat boldy habary gelende, ýakyn hossarlary bagryny topraga oýkap aglar ekenler. Onuň sebäbi-de, topragyň köşeşdiriji serişdedigindedir. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Nobatguly Rejebow söhbetdeşlikleriň birinde şeýle diýipdi: «Biz Allanyň kuwwaty, keremi bilen şu toprakda ýaradylypdyrys, şu toprakda-da bize zerur bolan ähli şertler bar. Biz şu toprakdan bina bolup, şu topraga hem döneris».

Leýli GURBANOWA.
Beýleki habarlar