Äleme şugla saçýar medeniýetim, sungatym

26 Iýun 2024
439

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň  hem-de Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Diýmek, milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki mynasyp orny nusgalykdyr. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň şeýle wajyp orny göz öňünde tutulyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde durmuşa geçiren beýik işleri, badalga beren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda üstünliklere beslenýän ilhalar tutumlaryň berk binýadydyr. Döwlet derejesinde edilýän şeýle giň gerimli aladalaryň netijesinde, halkymyzyň şöhratly geçmişini, medeni ösüşini özünde jemleýän Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Taryhy we ruhy-medeni gymmatlyklarymyza dünýä derejesinde uly hormat-sarpa goýulýandygyna, ykrar edilýändigine doly güwä geçýän bu çözgütleriň hatary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bilen has-da artdy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara medeni gatnaşyklaryndaky abraýyny öňküdenem belende göterýär.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar