Şatlyga beslenýän şowhunly günler

26 Iýun 2024
377

Gojaman Köpetdagyň eteginde, türkmen tebigatynyň iň bir ajaýyp künjeginde ýerleşýän ýaşlygyň hem geljegiň şäheri gözel Arkadagda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýär.

Hepdeligiň şu gününde, ýagny 26-njy iýunda ir säher bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat hem-de neşir önümleriniň sergisi geçirildi. Maslahatda kitaphana işgärleri işleri täzeçe guramagyň ýollary hakynda özara pikir we tejribe alyşmaga giň mümkinçilik tapdylar. Neşir önümleriniň dürli görnüşlerini öz içine alan sergi hem köp adamly boldy.

Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar