Bitaraplyk — adamzat bagtyýarlygy

7 Dekabr 2023
1412

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary bilen biragyzdan tassyklanan Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesi häzirki zamanyň gaýragoýulmasyz meselelerini netijeli çözmekde, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen binýatlaýyn gural hökmünde çykyş edýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz sebit we dünýä möçberindäki möhüm meseleleriň parahatçylykly we gepleşikler arkaly çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen parahatçylykly ýaşamagyň ýörelgelerine laýyk gelýär, ýagny halklaryň öz ykballaryna özbaşdak erk etmeklerine, döwletleriň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini hormatlamaga, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikler arkaly, syýasy-diplomatik serişdeleriň üsti bilen kadalaşdyrmaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar