Şu ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçiriler. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, hasabatynyň çäklerinde, bu halkara çärä görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna habar berdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda üstaşyr ulag ulgamy babatda meseleleri, hususan-da, iki ýurduň üstünden geçýän ulag geçelgeleri arkaly milli ulag düzümleriniň kuwwatlyklaryny ulanmak, bu ugurda bilelikdäki taslamalary ylalaşmak we durmuşa geçirmek, logistiki merkezleri ösdürmek, daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.