Amul galasy

30 Awgust 2023
1946

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär. Biziň welaýatymyzda-da bu iş düýpli alnyp barylýar. Gadymy galalarda, desgalarda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijesinde gymmatly tapyndylaryň üsti açylýar.

Taryhçylarda, arheologlarda uly gyzyklanma döredýän gadymy desgalaryň biri-de Amul galasydyr. Öz döwründe harby-goranyş berkitmesi hökmünde ulanylan bu galanyň ilki ady Amuýe, soň Amul bolupdyr. Ol Türkmenabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýär. Alymlar «Amul» sözüni «Amurd» ýa-da «Amard» diýen taýpa adynyň üýtgän görnüşi diýip hasap edýärler. Häzirki Eýranyň Mazenderan welaýatynda irki döwürlerde Amul atly iri şäheriň bolandygy taryhdan mälim. Akademik A.Bartold «Amul» we «Amy» sözlerini kökdeş hasaplap, olaryň döremegini arap basybalyjylaryndan has irki döwür hasaplaýar. Syýahatçy A.Wamberi bolsa «Amul» sözüni türki söz hasaplap, onuň «derýa» manysynda ulanylandygyny belleýär. Amyderýanyň amatly geçelgesinde we söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Amul şäheri biziň eýýamymyzyň I-IV asyrlarynda Kuşan döwletiniň düzümine girýär. Şol wagtlarda Amulyň umumy tutýan meýdany 50 gektara barabar eken. Onuň diwarlary palçykdan salnypdyr we olaryň düýbi bişen kerpiçden örülipdir. Galanyň berk diwarlary Amul galasyny duşmandan goramakda ygtybarly daýanç bolup hyzmat edipdir.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar