Oguz ýurdunyň owazasy

9 Awgust 2023
1504

Sanlyja aý mundan ozal gurlup ulanmaga berlendigine garamazdan, Arkadag şäheri, turuwbaşdan, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän we binagärlik gurluşy taýdan tutuş sebitde nusgalyk şäher hökmünde taryha girdi.

Biz Arkadag şäheriniň ozalyebetde taryha ymykly ornan, gadymy sebitde ýerleşýändigini buýsanç bilen aýtmaga borçludyrys. Muňa delil hökmünde bolsa, täze şäheriň demirgazyk-günbatarynda 1,5 kilometr gowrak uzaklykda miladynyň III — VII asyrlarynda hem-de X — XVII asyrlarynda ýaşaýyş bolan Garawuldepe ýadygärligini, demirgazyk-günbatarynda 3,5 kilometr uzaklykda, miladydan öňki VI — IV asyrlara degişli Göweçdepe ýadygärligini, günbatarynda 3 kilometr uzaklykda, IX — XII asyrlara degişli Elidepe ýadygärligini, gündogarynda 3,5 kilometr uzaklykda, miladydan öňki III — II müňýyllyklara degişli Paryzdepe ýadygärligini, demirgazyk-günbataryndaky 4,5 kilometr uzaklykda, miladydan öňki II asyrlardan, miladynyň III asyrlary aralygyna degişli Çakandepe ýadygärligini, demirgazyk-günbataryndaky 5,5 kilometr uzaklykda ýerleşýän I — IV asyrlara degişli Ýandaklydepe ýadygärligini, şeýle hem Öwlüýädepe, Mansurdepe ýadygärliklerini, şäherden demirgazyk-günbatarda 14 kilometr uzaklykda Gökdepe galasyny, şäherden demirgazykda, 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän, miladydan öňki VI müňýyllyga degişli meşhur Pessejikdepe ýadygärligini, günorta-gündogarda 16,5 kilometr uzaklykda köne we täze Nusaý galalaryny mysal getirmek mümkin. Bu gadymy galalardyr kentler taryhy-arheologik ýadygärlikler hökmünde biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Myrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar