Fotožurnalistikanyň taryhyndan söz açyp...

8 Awgust 2023
1624

Fotožurnalistika — bolup geçýän bir wakany, hadysany beýan edeniňde, şol ýazgynyň, makalanyň ynandyryjy bolmagy üçin ony fotosurat bilen birlikde bermekdir. Fotožurnalistikanyň taryhy XX asyryň başlaryndan we ondan hem biraz öňräkden gözbaş alýar. Žurnalistikanyň bu ugrunyň döremegine itergi beren sebäp — okyjylara habarlaryň has göze doly bolmagy üçin fotosurat goşup bermekden ybaratdyr. Fotožurnalistika adalgasyny 1925-nji ýylda Frenk Lýuter Mott ulanyşa girizipdir. Ol şol döwürde ABŞ-nyň Missuri uniwersitetiniň žurnalistika mekdebiniň dekany bolup işläpdir.

XX asyryň başlarynda fotoapparatyň janly durmuş şekilini «saklamak» mümkinçiligi ýüze çykansoň, ýekeje surat arkaly tutuş sahypany dolduryp duran habardan has köp zat berip boljakdygyna düşünilipdir. Bu babatda şol döwrüň şygary: «Bir surat müň sözüň ýerini tutup biler». Rus ýazyjysy, žurnalisti Konstantin Fedin: «Oňat žurnalda berlen surata men dilsiz-agyzsyz zat diýip bilmerin. Olar, gürrüňsiz, gepleýär, özem, köplenç, sözli reportaždan-da täsirli gepleýär» diýip belleýär.

Şamuhammet NEPESOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw-usulyýet bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar