Pelsepeçi lukman

7 Awgust 2023
1685

Türkmen halky hemişe zehinli, ylymdar, bilimdar şahsyýetleri bilen şöhratlanyp gelipdir. Orta asyrlarda ylmyň ähli ugurlarynda dünýä boýunça tanalýan beýik alymlar, Al Horezmi, Al Faraby, Al Biruny, Abu Aly ibn Sina, Nowaýy, Magtymguly we başga-da Gündogar halklarynyň beýik ogullary, köp sanly danalar hut şu mekanda beýik ylmy açyşlar edip, ümmülmez äleme pähim-paýhas nuruny saçypdyrlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Lukmançylyk ylmyny düýpli özgerden — dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi, alym, tanymal lukman Ibn Sina, döwrüniň «Ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly görnükli ýüzlerçe lukman-alymlarymyz dünýä ylmynyň ýiti şuglaly ýyldyzlarydyr» diýip belleýär. Dünýä ylmyny ösdürmäge ägirt uly goşant goşan, taryhda öçmejek yz galdyran görnükli danalaryň biri, Gündogar halklarynyň ensiklopediýaçy alymy Ibn Sina 980 — 1037-nji ýyllarda Horezm topragynda ýaşap geçipdir. Ol özüniň ajaýyp ylmy işleri bilen adamzat taryhynda hemişelik yz goýan beýik alymdyr. Türkmenler oňa söýgi we ynam, hormat bilen «Lukman» diýýärler. «Lukman» sözi türkmen dilinde «şypa beriji», «derdiňi dep ediji halasgär», «saglygyňy goraýjy» diýen manylary berýär. Ol şeýle diýilmegine doly mynasyp şahsyýet bolupdyr. Onuň kakasy Abdylla Samany hökümdary Nuh ibn Mansur döwründe ylmyň baş şäheri hasaplanýan Buharada mekan tutupdyr. Ibn Sina başlangyç ylmy kakasyndan öwrenipdir. Kakasy Abdylla döwrüniň belli alymlary bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr we onuň öýi alymlaryň pelsepe, fizika, astronomiýa, geometriýa, matematika ýaly ylymlar boýunça ylmy çekişmeleri geçirýän ojagy bolupdyr. Ibn Sina Gündogarda «Pelsepeçileriň şazadasy» diýen at bilen meşhurlyk gazanypdyr.

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar