"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Mertlik mekdebi

7-nji maýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Beýik ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşykda Döwletsähet Orazow, Merdan Berdigylyjow, Sergeý Agamýan, Azat Orazow ýaly paýtagtymyzyň ýaşuly ýaşaýjylary uruş hem-de zähmet weteranlarynyň geçen şöhratly ýoly, görkezen edermenligi barada mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryna täsirli gürrüňleri berdiler. Olaryň belleýşi ýaly, pederlerimiziň geçen ömür ýoly ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde nusgalyk mekdepdir.

Magtymgulynyň şygryýeti we türkmen romansy

Magtymguly Pyragynyň çuň manyly şygyrlaryndan ruhlanan kompozitorlaryň döredijiligi dürli görnüşli žanrlary öz içine alýar. Meşhur kompozitorlar Ý.Meýtusyň «Magtymguly» operasy, W.Muhadowyň 1-nji simfoniýasy («Magtymgulynyň ýadygärligine»), A.Kulyýewiň «Magtymguly» simfonik poemasy, M.Annamyradowyň «Täleý» kantatasy, S.Tüýliýewiň «Türkmen binasy» waspnamasy we «Dünýä, heý!» wokal toplumy beýik söz ussadynyň buýsançly keşbini özünde janlandyran ajaýyp eserlerdir. D.Öwezowyň, A.Kulyýewyň, O.Gurbannyýazowyň, W.Ahmedowyň, R.Allaýarowyň, N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, N.Muhadowyň, D.Nuryýewiň birnäçe hor we kamera-wokal eserleri dana Pyragynyň sözlerine döredilen, türkmen kompozitorçylyk sungatyny baýlaşdyran eserlerdir.

Ruhubelentlige beslendi

Golaýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300  ýyllygy hem-de bu sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli döredijilik konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly aýdym belentden ýaňlandy. mekdebiň bagşylar topary bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Konsertde kompozitor Daňatar Öwezowyň «Şasenem we Garyp» operasyndan «Şawelediň ariýasy», «Aýna» operasyndan «Uwertýura», «Leýli we Mejnun» operasyndan «Leýli we Mejnunyň» aýdyşyk aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Ussat kompozitor N.Muhadowyň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen şirin sazlary konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem, konsertde Jelly Roll Mortan, Iogan Ştraus, Ferens List, Georgiý Sweridow, Isaak Dunaýewskiý ýaly daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Konsertde Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ýerine ýetirilen çeper okaýyşlar, şeýle hem halk aýdymlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.

Reňkden döreýän gözellik

Döredijilik, sungat adamsy her bir işe örän inçeden çemeleşýär. Tutuş dünýä hem-de durmuşa gözellik paýlamaga çalyşýar. Olaryň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan söýgüsi, gözellikleri wasp edişi has-da başgaça bolýar. Ýurdumyzda belli nakgaş, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýew hem ömür örküni sungata baglan suratkeşleriň biri. Ussat suratkeşiň ýaňy 45 ýaşandygyna garamazdan, onuň eserleri bir ömrüň çygryndan aşdy diýsek, lap edip aýtdygymyz bolmaz. Ol çagalygyndan eline galam alyp, surat çekip başlaýar. Mekdep okuwçysy döwründe bolsa onuň ukyp-başarnygy bada-bat surat mugallymynyň gözüne ilýär. Nakgaşçylyk ýoluna ugrukdyran çagalyk halypasy oňa soňra çagalar çeperçilik mekdebinde okuwyny dowam etdirmegi maslahat berýär. Şeýdip, ýaş suratkeşiň batly, şowly gadamlary ädilip başlaýar. Bu ýerde oňa Tatýana Ostaşowa halypalyk edýär. 1988-nji ýylda bolsa welaýat çagalar sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölümini tamamlaýar. Ol welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Myrat Baltaýewden, şeýle-de Rustam Rozyýew, Aganyýaz Gaparow, Sylap Hudaýberdiýew ýaly halypalardan tälim alýar. 2004-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ol ýerde Azat Annaýew, Dursunsolmaz Muhammedowa, Hally Annaçaryýew, Nursähet Iýaberenow ýaly ussat mugallymlardan hünär öwrenen Alymjan Işankulyý

Asyrlardan aşan ak arzuwlar

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoluny öwrenmeklige, ylmy seljerme işlerini alyp barmaklyga giň ýol açyldy. Alym Arkadagymyzyň bu günki gün Magtymguly Pyragynyň Watanymyza, halkymyza, adamzada bolan söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp şygyrlarynyň, adalatly jemgyýet, bagtly ýaşaýyş hakyndaky dürdäne pikirleriniň, bitewi türkmen döwletini berkarar etmek hakyndaky çagyryşlarynyň belentden ýaňlanýandygy baradaky pähim-paýhasyndan dana şahyryň ömürboýy halkyň azatlygy, özygtyýarlylygy ugrunda göreşendigine, garaşsyz döwlet gurmagyň arzuwynda bolandygyna akyl ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragynyň Watan azatlygy we erkinligi barada:

Öz ýoluny goýan ussat

Türkmen bagşyçylyk sungatynda yz goýan ägirtler Boldumsaz etrabynda-da az däl. Ajaýyp mukamlary bilen özüne ebedilik ýadygärlik diken bagşylaryň biri-de Kürt bagşydyr. Bagşynyň hakyky ady Mämmetjuma bolup, Kürt ady onuň ýaşan obasy bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kürt Garlyýew 1901-nji ýylda Boldumsaz etrabynda dünýä inýär. Ykbalyny aýdym-saz sungatyna bagyş eden Kürt bagşy «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra» dessanlaryny, «Görogly» şadessanynyň ençeme şahalaryny özboluşlylygy, öz aýdyş ýoly bilen ýerine ýetiripdir. Bagşy çowdur ýollarynyň birnäçesini özüçe işläpdir. Käbirlerine perde goşupdyr. Ol «Köne tam», «Bozatow», «Ak Eneş», «Ýandym», «Tizgä» (Allanur bagşynyň döreden ýoly) ýaly halk aýdymlaryny halk arasynda «Kürt bagşynyň aýdan ýollary» ýa-da «Kürt bagşynyň aýdymlary» diýer ýaly derejede özboluşly ýerine ýetirip, bagşyçylykda öz ýoluny döretmegi başarypdyr. Bagşy hyjuw bilen aýdan «Köne tam», «Hindidir, hindi» diýen aýdymlarynda ýerine ýetiren aýdylyş ýoluny özi bilen alyp gidipdir. Kürt bagşydan etrabyň bagşylaryna «Ak Eneş» atly aýdym miras galypdyr.

Ýagşyny ýatlap

Türkmenistanyň Gahrymany, meşhur opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň mahmal owazyny kalbyna siňdirmedik ynsan az-az bolsa gerek. Men sungat maşgalasynda kemala gelenimden soň Maýa Kulyýewa, onuň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Hojadurdy Annaýew bilen çagalygymdan tanyşdym. Olaryň adamkärçiligini, mähribanlygyny hemişe ýatlaýarys. Biz, köplenç, birek-biregiňkä myhmançylyga barardyk. Sebäbi türkmeniň milli opera sungatyny kämilleşdirmek barada olarda pikir köpdi. Biziň maşgalamyzda on bäş çaga dünýä inipdi. Halypanyň Batyr atly ogly, Mahym atly hem gyzy bardy. Gijelerine spektakllara gitmeli bolanlarynda, olar çagalaryny bizde goýup giderdi, biz olar bilen her dürli oýunlary oýnardyk. Käwagt çagalar bolup, tomaşa eden operalarymyz barada söhbet ederdik. Bir gezek Mahym:

Gözellik dünýäsine ykbalyny baglan

Sungatyň täsin dünýäsi bolan surat çekmek hakynda dünýä ussatlary dürli pikirleri beýan edipdirler. Ispan suratkeşi Pablo Pikasso: «Surat şol bir wagty, wakany saklamakdyr. Bu ýerde wagt waka tabyn bolýar» diýlen bolsa, meksikan suratkeşi Frida Kalo: «Suratkeşiň döreden işleri adamlary dürli täsinlikleriň dünýäsine ýollaýar» diýlipdir. Türkmenistanyň halk nakgaşy Bäşim Nuraly bolsa: «Sungat eseri sada, düşnükli bolmaly. Ony synlan her bir adam onda öz obasynyň keşbini — adamlary, işçileri, dürli pursatlary synlap bilmeli» diýipdir. Gülşirin heniz Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesindäki 17-nji orta mekdepde okaýan döwürleri sungat älemine aralaşýar. Bu ugra höwesiniň uludygyny bilen kakasy Orazmuhammet agadyr ejesi Halnabat gelneje Gülşiriniň bilim almagyny arzuw edýär. Şeýlelikde, Gülşirin Nutyýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary bilim alyp, ussat suratkeşleriň gaşynda tejribesini artdyrýar.

Medeniýet — göwünleriň ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşyp, älem-jahana ýaýylýan zamanydyr. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine göterilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde bina edilýän, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler sungatyň dürli ugurlary bilen gyzyklanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary hünäre ugrukdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda medeniýetimiz, sungatymyz has-da baýlaşdyrylýar, kämilleşdirilýär, olara milli öwüşgin çaýylýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän medeni mirasymyzy ylmy jähetden öwrenmekde, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly aladalar edilýär. Dünýäniň çar künjeginde ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň, ýurdumyzda dünýä ýurtlarynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aýdym-saz dünýäsine ilkinji ädim

Dünýäniň ähli akyldarlarynyň ykrar edişi ýaly, tebigat çagalara iň bir täsin, özi-de dürli ukyplaryň çäksiz baýlygyny beripdir. Meşhur pedagog A.Makarenko çaganyň dünýä inen gününden başlap, kadaly berjaý edilýän terbiýeçilik işlerine mätäç bolýandygyny aýdypdyr. Irki çagalyk ýyllaryndan çagany gurşaýan aýdym-sazlar, ondaky aýdym-saz diňlemek ukyby sagdyn ösmegi üçin örän wajypdyr. Çagany Watana wepaly, ilhalar adam edip ýetişdirmekde aýdym-sazyň güýji örän uludyr. Onda biz dünýä inen ynsanyň aýdym-saz bilen ilkinji duşuşygy ene hüwdüsini diňlemekden başlanýar diýsek, ýalňyşmasak gerek. Eneler çylşyrymly bolmadyk, emma sadadan mähirli duýgy bilen ýaňlanýan, süýji arzuw-niýetlere bezelen hüwdüleri ussatlyk bilen aýtmagy başarýarlar.  Halk arasynda aýdyma halk ýüreginiň owazy diýip, megerem, ýöne ýerden aýdylýan däldir. Çünki aýdym ynsanyň ýüreginiň başga hiç zat bilen aralaşmasy mümkin bolmadyk gatlaklaryna-da aralaşmaga ukyply bolýar, ýürek urgularyny owazlandyrýan tarlara kakýar, haýsydyr bir göze ilmeýän sapak bilen diňleýjileriň ýüregini özüne örkleýär. Şonuň üçinem ýaş nesli terbiýelemekde, olary aýdym-saza ugrukdyrmakda, ilki bilen, ene hüwdüsiniň, soňra bolsa aýdym-sazyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Çagalara aýdymlar watançylyk, tebigy gözellik, ene-ata söýgi temasynda saýlansa, has gowy bolýar. Sebäbi çagalar kiçilikden bu gözelliklere bolan söýgüsini diňe bir ö

Kino muşdaklarynyň söýgüli zenany

Owadan, näzik keşpli Neslihan 1992-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkiýäniň paýtagty Stambul şäherinde eneden bolýar. Asly çerkes bolan kakasy uzak ülkelere gatnaýan ulagy sürýäni üçin, köp ýurtlaryň üstünden geçýär. Ol Belarus Respublikasynda saparda bolanda gelip çykyşy belaruslardan bolan öý hojalykçy zenan bilen tanyşýar. Bular durmuş guranlaryndan soň Türkiýäniň Stambul şäherinde ýaşap başlaýarlar. Neslihan ene-atanyň ogullaryndan soň ikinji perzendi bolup kemala gelýär. Ýaşlygyna garamazdan, kino muşdaklarynyň söýgüli aktrisalarynyň birine öwrülen Neslihan Atagül «Gara söwda» atly türk filminiň baş gahrymany Nihanyň keşbi bilen türkmen tomaşaçylarynyň hem göwnüni awlap bildi. Bu filmde Neslihanyň döreden Nihany dogumly, söýgüsine wepaly, gabat gelýän kynçylyklary paýhasly çözüp bilýän zenan hökmünde tomaşaçynyň aňyna siňýär, oňa bolan hormat artýar. Asyl-a, türk kino dünýäsine öz tebigy zehini bilen gadam basan Neslihan Atagülüň döreden her bir keşbinde ýaş aktrisanyň ussatlygyny, sungata ýüregi bilen berlenligini duýmak bolýar.

Sungat mekdebindäki baýramçylyk joşguny

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlar toý joşguny bilen gatnaşdylar. Dabarada şanly sene mynasybetli gutlaglar aýdylyp, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi barada gürrüň edildi. Talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan sungat çykyşlary dabaranyň ruhubelentligini we şowhunyny belende göterdi. Toý zalyna ýygnananlar mekdebimiziň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň talyplarynyň çykyşlaryny hem gyzgyn garşyladylar. Belentden-belent ýaňlanan aýdymdyr sazlarda ata Watanymyzyň, eşretli döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, dost-doganlygyň joşgunly waspy öz beýanyny tapdy.

Nesil terbiýesinde millilik ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir. Ýaş nesli türkmen halkynyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary, olaryň asylly häsiýetleri bilen kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, belent üstünliklere ýetilýär. Şeýle beýik ösüşler ildeşlerimizde buýsanç döredýär, olary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu gün mugallymlar hem ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň ylym-bilimli bolmaklaryna öz goşantlaryny goşýarlar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçynyň bilimi bilen bir hatarda, terbiýesine hem üns bermek zerurdyr. Bu işde mugallyma örän uly orun degişli bolup durýar. Mugally

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Ýakynda şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde welaýatymyzyň teatr we drama toparlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Teatrlaşdyrylan sahna eserleriniň bäsleşigi welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Etraplardan gelen döredijilik toparlary bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, sahnalaşdyrylan eserleri görkezdiler. Olar sahnalaşdyran eserlerinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligine we nusgawy şahyrymyz hakda ýazylan ajaýyp eserlere salgylanyp, dana atamyzyň durmuşyny, şahsyýetiniň beýikligini, pikir we duýgy kämilligini beýan edýän wakalary ussatlarça açyp görkezmäge çalyşdylar. Teatrlaşdyrylan çykyşlarda beýik akyldar şahyryň giň hem-de çuň akyl-paýhasy, watansöýüjiligi, il-gününe bolan hormaty, çäksiz zehin-ukyby çeper şöhlelendi.

Döwrüň belent ruhy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza sowgat beren «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny okanyňda, bu gadymy topragyň şöhratly taryhy, ösüş-özgerişli şu güni baradaky baý maglumatlar bilen tanyşmaga giň mümkinçilik alýarsyň. Kitabyň «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly bölüminde bu toprakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrüň belent ruhuna laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda gürrüň edilýär. Bu babatda, hormatly Prezidentimiz täze kitapda: «Türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýýan ak bugdaýynyň ilkinji mekany bolan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesini göterýän şanly ýylda gadymy Ahal topragynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler hakynda söhbet etmek meniň üçin örän ýakymly hem buýsançly» diýip ýazýar. Gadymy Ahal ýaýlasynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen medeni-durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň uly toplumy, täze obadyr şäherçeler guruldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bu toprakda geljekde hem iri desgalardyr binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Munuň özi Gahrym

Halkymyzyň medeni baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge döredýän giň mümkinçilikleri oňyn netijelerini berýär, Watana bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Gojaman taryh ak bugdaýyň mekanynyň Türkmenistandygyny subut edýär. Biziň gadymy ata-babalarymyz ak ekini medeniýetleşdirip, ýaşaýşyň zerur şertini we ygtybarly esasyny — çöregi döredipdirler. Gadymy taryhyň gatlaryny agtarsak, türkmen halkynyň ajaýyp halysy, alabaý iti, saryja goýny, behişdi bedewi hem-de özboluşly medeniýeti bilen meşhur bolandygyna göz ýetirýäris. Mysal üçin, türkmen halysyna gözüň düşenden kalbyň nurlanýar. Onuň her çitiminde türkmen durmuşynyň beýany ýazylandyr. Halyda türkmeniň pähim-paýhasy aň bilen, gözelligi duýgular çogdumy bilen, nepisligi ussatlyk bilen, hili berklik bilen örän sazlaşýandyr. Saryja goýnuň ýüňünden egrilip, tebigy reňkler bilen baýlaşdyrylan bu sungat türkmeni tutuş jahana tanadýandyr.

Medeniýet — köpugurly ösüşleriň ruhlandyryjysy

Turuwbaşdan uly üstünliklere, göwünleri ganatlandyryjy şatlykly wakalara beslenip başlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýy hem halkara giňişliginde berkarar döwletimiziň abraýyny has arşa göterjek wakalara baý bolar. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza bu aýda eziz Watanymyzyň dürli künjeginde gurlup, dabaraly açylyşy meýilleşdirilýän ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly binalardyr desgalaryň barmak büküp sanardan köpdügi esas berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň miwesi bolan şol binalardyr desgalaryň ýönekeýje sanawy-da ep-esli bolansoň, häzirlikçe üstümizdäki aýda diňe paýtagtymyzyň çäginde dabaraly açylmagy meýilleşdirilýän käbir desgalary ýatlamak bilen çäklenmegi makul bildik. Köpetdagyň gözel gerşini bezejek «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, Arçabil şaýolunyň ugrundaky durky täzelenen Baş baýdak meýdançasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky 2 gatly ýaşaýyş jaýlary, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi we Atamyrat Nyýazow şaýoly aralygyndaky böleginde durky täzelenen suw çüwdürimleri, Bagtyýarlyk etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga, Seýdi köçesiniň ugrundaky Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkezi di

«Ol gaýdyp geler...»

Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleriniň şanyna döredilen ajaýyp kino eserleriniň biri «Daragt» çeper filmidir. Uruş ýyllarynyň galagoply wakalaryna bagyşlanan filmiň üsti bilen şol ýyllarda halkymyzyň kyn günleri başdan geçirendigine garamazdan her bir işde gaýduwsyzlyk görkezendigi açylyp görkezilýär. Filmde baş gahryman Näzik atly gelniň başdan geçiren durmuş wakalary şöhlelendirilýär. Hakyky bolan wakalaryň esasynda goýlan bu filmde Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk hem-de gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň yzynda mukaddes ojaklaryny saklap oturan gelinleriň wepadarlygy, tutanýerliligi beýan edilýär.

Ýurdumyzyň teatrlarynda

söz ussadyna bagyşlanan täze sahna eserleri Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýakyn günlerde açylmagy meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde beýik söz ussadynyň äpet heýkeli oturdyldy. 41 gektar meýdana ýaýlyp gidýän tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumyň giň çäkleriniň hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy we bagy-bossanlyga bürelmegi, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň, toplumyň daşky girelgesinde awtoduralgalaryň bolmagy hem-de täze tehnologiýalary we häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly nusgawy şahyryň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirleriniň baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrylýandygy bu täsin tebigatly künjegiň gözel paýtagtymyzyň görküne aýratyn görk goşjakdygyna güwä geçýär.

Türkmen kino ussatlarynyň üstünligi

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kino režissýorlary hem gatnaşyp, ýörite baýraklara mynasyp boldular. Iki günläp dowam eden festiwal Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guraldy. Halkara kinofestiwala dünýäniň 77 ýurdundan jemi 1055 film hödürlenilip, olar 13 ugur boýunça seljerildi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkara festiwala üç sany, ýagny «Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly dokumental filmleri hem-de «Meniň kakam» atly gysga göwrümli filmi hödürledi. Dokumental filmleriň birinjisi şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bolsa, ikinjisinde halkymyzyň milli gymmatlygy bolan dutaryň owazynyň jadylaýjy güýjünden söz açylýar. Festiwalda görkezilen üçünji türkmen filmi durmuş wakalaryna esaslanýar.