"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Maslahat geçirildi

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi — beýik geljegiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Zemin üsti aman dursun!

Ynsan balasy bagtly ýaşamak, uzak ömür sürmek üçin jägildäp dünýä inýär. Gadymy ýazgylarda, keramatly kitaplarda aýdylyşy ýaly, dogulmak, ýogalmak, nika ezelden Alla tarapyn ýazgytdyr, ömürdäki galan zatlar bolsa nesibedir. «Nesibäňe ýagşy zatlar ýazylsyn!» diýlip, doga-dileg edilmegem hut şol sebäplidir. Zemin üstünde aman ýaşasaň, aýdylyşy ýaly, dokuzyň düzüw ömür sürseň, şondan uly bagt ýok. Käte teleýaýlymlarda, gazetlerde, saýt sahypalarynda, elektron neşirlerde Ýer togalagynyň haýsydyr bir künjeginde suw joşmasy, toprak süýşmesi, yzygider çabga ýagmasy, ýer titremesi ýaly pajygaly tebigy hadysalar baradaky habarlar göze ilse ýa-da gulaga degse, iniň tikenekläp gidýär. Şu ýerde «Eşideniňe ynanma, göreniňe ynan!» diýlişi ýaly, bir waka ýadyma düşýär.

Täsirli sapaklar guraldy

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 5-nji, 10-njy synplaryň okuwçylarynyň gatnaşmagynda döwlet derejesinde uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy guraldy. Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary, Balkan, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Onlaýn okuw sapagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri sapak berdiler. Bu okuw sapagy olaryň ýaş aýratynlygy nazarda tutulyp guraldy. Ilkinji sapak 5-nji synp okuwçylary bilen guralyp, olara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri hakynda giňişleýin maglumat berildi. Okuwçylara uly gatnawly ýollarda ýerüsti we ýerasty geçelgelerden geçmek maslahat berildi, ýolyşygynyň kömegi bilen ýol geçelgesinden geçmegiň düzgünleri görkezme esbaplaryň, wideoşekilli ýazgylaryň üsti bilen düşündirildi.

Yl­my ýy­gyn­dy ne­şir edil­di

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp taý­ýar­la­ny­lan «Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik — döw­rüň şy­ga­ry, äle­me nus­ga­dyr da­na Py­ra­gy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­sy ne­şir edil­di. Yl­my ýy­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ry­nyň, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň yl­my iş­gär­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan yl­my ma­ka­la­la­ry gi­ri­zil­di.

Döwrüň beýik gudraty

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len ma­ýa go­ýum fo­ru­my­na gat­na­şy­jy­la­ra gol­lan­ma hök­mün­de Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan tä­ze ne­şir­ler çap edil­di. Şo­la­ryň il­kin­ji­si «Ar­ka­dag şä­he­ri — döw­rüň be­ýik gud­ra­ty» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, ki­tap­ça­da di­ňe ýur­du­myz­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de hem il­kin­ji «akyl­ly» şä­her ha­sap­lan­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri ha­kyn­da gür­rüň edil­ýär. Ol Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ta­ry­hy ösüş­le­ri­niň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan bu aja­ýyp şä­he­riň no­bat­da­ky wasp­na­ma­sy­dyr. Mun­dan ozal «Ar­ka­dag şä­he­ri — gel­je­giň şä­he­ri» at­ly ki­tap hem uly ösüş­le­re, öz­ge­riş­lik­le­re eýe bol­ýan, türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gud­ra­ty­ny ja­ha­na ýa­ýyp, dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan tä­ze şä­he­riň ta­ryp­na­ma­sy bo­lup hal­ky­my­za gow­şup­dy.

XXV конференция Гуманитарной ассоциации туркмен мира

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 В Центре общественных организаций Туркменистана состоялась XXV конференция Гуманитарной ассоциации туркмен мира (ГАТМ). В работе форума, прошедшего в преддверии главного праздника страны – Дня независимости – приняли участие представители туркменских диаспор из ряда зарубежных государств, а также делегаты со всех регионов страны.

«Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy»

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 TMÝG-niň Esen­gu­ly et­rap Ge­ňe­şi et­rap bi­lim bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» ady bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan kö­çe-ýol he­re­ket­le­ri­niň düz­gün­le­ri­ni ýaş ne­sil­le­riň aňy­na or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ‹‹Ýa­şyl yşyk›› atly bäs­le­şik ge­çi­r­di. Du­şu­şyk­da bi­raý­ly­gyň äh­mi­ýe­ti, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil ba­ra­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ba­ra­da edi­len çy­kyş­lar diý­seň tä­sir­li bol­dy. Ze­hin­li­je kör­pe­le­riň gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy, kö­çe-ýol he­re­ke­ti­ni wasp ed­ýän goş­gu­dyr aý­dym­la­ry, ge­çel­ge­den geç­mek­ üçin şert­li bel­gi­le­ri esa­syn­da geç­me­li­di­gi dog­ru­syn­da eden çy­kyş­la­ry çä­rä gat­na­şan­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy. Çä­rä­niň ahy­ryn­da oňa gat­na­şan ça­ga­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Esen­gu­ly et­rap Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýa­dygär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Küşt oý­ny — özü­ňi ta­na­ma­gyň ýo­ly

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Küşt oýny, alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, gö­zel Hin­dis­tan ül­ke­sin­de dö­räp­dir. Uza­gyn­dan bu oýnuň meş­hur­ly­gy ar­typ, ol il­ki Azi­ýa yk­ly­my­nyň üm­mül­mez gi­ňiş­li­gi­ne, soň­ra bol­sa Ýew­ro­pa ýaý­rap­dyr. Küş­tüň aňy ös­dür­ýän, beý­nä dynç­lyk ber­ýän oýun­dy­gy ir­ki dö­wür­ler­de-de bel­li bo­lup­dyr. Küşt ada­ma pi­kir­len­me­gi, oý­lany­şyk­ly he­re­ket et­me­gi öw­red­ýär, her ät­jek ädi­mi­ňi öňün­den kem­siz sal­dar­la­ma­gy, «ýe­di öl­çäp, bir kes­me­gi» en­di­ge öwür­ýär.

Hatly bukjalar habar berýär

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ýur­du­myz­da baş baý­ra­my­my­za — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­ne hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri has gyz­ga­laň­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Re­dak­siý­amy­za gel­ýän hat­la­ryň ag­la­ba­syn­da baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan ýa­ryş­lar­dan we du­şu­şyk­lar­dan söh­bet açyl­ýan bol­sa, ýe­ne bir­nä­çe­sin­de ýaş­la­ryň dur­mu­şy ha­kyn­da gür­rüň be­ril­ýär. «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk ha­kyn­da­ky ha­bar­lar hem sent­ýabr aýy­nyň do­wa­myn­da gel­ýän hat­lar­da iň kän ýüz­le­ni­len te­ma­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Halkymyzyň bagtyýarlygy — döwletimiziň berkararlygy

Tarypy taryhyň şöhratly sahypalaryna ýazylýan döwrümiziň her bir güni halkymyza egsilmez şatlyk duýgusyny eçilýär. Şunda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly bolar. Halk jebisligi, döwlet berkararlygy baradaky düşünjeler Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň döredijiliginiň islendik ynsanyň kalbynda täze ylham, ruhubelentlik, çäksiz joşgun döretmegi onuň şygyrlarynyň umumadamzat gymmatlygydygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz dana şahyrymyzyň goşgular çemeniniň pähim-parasadyň, çuňňur halk pelsepesiniň, milli terbiýeçilik ündewleriniň türkmen halkyna ýol görkeziji bolup, asyrlar içre hyzmat edip, şygyrlar älemi bilen milletimiziň mertebesini belende göterip gelendigine aýratyn üns çekip, bu barada «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda şeýle diýýär: «Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul

Geňeşli salamat bolar

Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbidine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm orna eýedir. Şunda il agzybirligini alamatlandyrýan möhüm jemgyýetçilik-syýasy platformanyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasy bilen başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ildeşlerimiz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny garşylaýar. Bu ajaýyp wakanyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa milli ýörelgelerimiziň şöhratlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüler.

Aşgabat — ak arzuwlaryň şäheri

Paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi Häzirki wagtda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şu jähetden, 20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýetli wakadyr.

Kämillik uzakda däl ýa–da perzendiň ata–enä edýän täsiri hakynda

«Ene bolanymdan soň, bar zat başgaça boldy, düýpgöter üýtgäýdim», «Perzent aladasy süýji. Ata bolanyňdan soň, dünýä täzeçe seredip başlaýýan ekeniň-aý!» diýen sözlere köp gabat gelýäris. Hatda ony özümiziňem diýip goýberýän wagtymyz az däl. Özem biz bu sözleri kiçi dilden bärde däl-de, aňyrdan — hut janymyzdan syzdyrypjyk diýýäris. Sebäbi ol — hakykat. Arada çaý içip otyrkam, 6 ýaşly uly gyzym edil gabat garşyma geçdi-de, birazajyk ondan-mundan gürrüň eden boldy. Yzyndanam meniň adyma uly bir «bellik» etdi:

Ýaşaýşy söý! (Kämillige tarap)

Durmuş — bu dowamly döredijilikdir. Wagtyň dynuwsyz akyp duranlygy üçin durmuş hemişe ösüş-özgerişde. Hereket edýän zatlar özgermek bilen bolýar. Dünýä demsaýyn özgerýär. Bu özgeriş bolany üçin adamzat ýaşaýşy gözel görünýär. Ýaşaýşa, durmuşa söýgi iň beýik söýgüdir. Islendik işe höwes, aslynda, ýaşaýşa söýgüden gözbaş alýar. Adam öz ýaşaýan dünýäsi barada oýlanmaly, öz dirilik çeşmesiniň nämedeligine akyl ýetirmäge çalyşmaly. Biz söýgüden binýat bolan dünýä geldik. Dünýe bolsa togalakdyr, ony elde saklap bolmaýar, diňe söýüp bolýar. Şonuň üçin şahyryň: «Ýaşa dünýäni gujaklap» diýşi ýaly, dünýäni söýüp ýaşamaly. Söýýänler her gününi söýgi bilen ötürýär. Her bir işi ýürekden ýerine ýetirýär. Ömrüň manysy, durmuşyň gyzyk-gyzgalaňy — mähir bilen söýgiňdedir. Ýaşaýyş söýgi bilen aýlanýar, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen gözel durmuş dowam bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Ýollaryňyz ak bolsun!

Ap-ak göwnüňiz bolsun,  süýt gaýmagy — säher deý,Tämiz howaňyz bolsun,  bag-bakjaly şäher deý,Bu ykbal ýollarynda gülläp pasly bahar deý,Ýollaryňyz ak bolup, işlerňiz rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna barýan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyz toý donuny geýdi. Dabaraly çäreler, çykyşlar, dürli ugurdaky bäsleşikler bu uly toýuň şowhunyna şowhun, şatlygyna şatlyk goşýar.

Döwrebap aragatnaşyk binasy

Ýakynda Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň etrap bölüminiň iki gatdan ybarat, dünýä ölçeglerine gabat gelýän täze binasy gurlup ulanmaga berildi. Bu binada media hyzmatlaryny aňsatlaşdyrmak üçin täze sanly hyzmatlar girizildi. «Belet film» onlaýn kinoteatr platformasy dürli filmleriň, teleseriallaryň, multfilmleriň, dokumental filmleriň giň ýygyndysyny bir saýtda jemlemek bilen onlaýn kinoteatry bolup hyzmat eder. «Älem TV» hyzmaty giňeldilip, dünýäniň dürli we meşhur teleýaýlymlaryny özünde jemleýär. Täze binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimize ajaýyp döwrebap binany gurduryp berendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Binanyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Eşretli zamananyň höziri

Ýene sanlyja günden agzybir türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny uludan belläp geçer. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly şatlyk-şowhun bilen belleniljek bu baýramyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Hojambaz etrabynyň polisiýa bölüminde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu ajaýyp toý sowgady edaranyň işgärleri bilen bir hatarda ähli ýaşaýjylary hem begendirdi. Şeýle hem 1-nji sentýabrda bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli etrapdaky Hojambaz şäherinde ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly, 960 orunlyk mekdep gapylaryny giňden açdy. Her ýyl şeýle binalaryň birnäçesi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleridir. Halkymyzyň bolelin durmuşda bagtyýar ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şert we mümkinçilikleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň irginsiz tagallalary ýatyr. Hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy hem-de doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde gurady. Şamämmet TÄÇJANOW,TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.