«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp taýýarlanylan «Sagdynlyk we ruhubelentlik — döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy neşir edildi. Ylmy ýygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň, ylym-bilim edaralarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň taýýarlan ylmy makalalary girizildi.