"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Halkara giňişlikde

Eksport mümkinçilikleri öwrenilýär Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen dostlukly ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda K.Iwanow ilçini Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy hem-de ýurdumyzyň käbir ugurlar boýunça eksport mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada habar berdi. Söhbetdeşler iki döwletiň haryt dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, ulag-logistika meseleleriniň üstünde-de durup geçdiler. Karen Iwanow türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, degişli wekillerden ybarat toparyň güýz aýlarynda Türkmenistana iş saparynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

14-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy arkaly döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

Türkmenistan — ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk, oňyn tejribeler

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy. 17-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat hem hut şu şanly senä bagyşlandy. Forum Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: dostlukly hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky, Suw hojalygy baradaky, Statistika baradaky, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Hazar deňzi institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Onda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhyna, toplanan baý tejribä, gazanylan üstünliklere syn berildi we gatnaşyklaryň geljeginiň möhüm ugurlary kesgi

Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şanly sene mynasybetli dabaraly maslahat Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy 14-15-nji sentýabr günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mälim etdi diýip, «Sputnik» habar berýär. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçiriler.

Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şanly sene mynasybetli dabaraly maslahat Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.

30 ýyllyk tejribe: ählumumy gymmatlyklary sarpalap

Düýn Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biz hem şanly sene mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenleriň käbiriniň pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Çynar RUSTEMOWA,ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary:

TÜRKMENISTAN — TÄJIGISTAN — ÖZBEGISTAN: Sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, sebitiň ýurtlary, dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýar. Muňa Türkmenistanyň goňşy döwletler bolan Täjigistan Respublikasy we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň giň gerimi we täze derejelere çykarylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu ýurtlary, türkmen, täjik, özbek halklaryny, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen birlikde, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Häzirki wagtda goňşy döwletleriň üçüsi hem sebit işleriniň oňyn ösdürilmegine, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar edilmegine ýardam berip, ählumumy ösüşe we abadançylyga uly goşant goşýar. Bu üç döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň, forumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy, özara goldawy pugtalandyrýarlar. Dünýäde durn

Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň belentlikleri

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan gününden bäri bu abraýly halkara gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Şu gün «Türkmenistan – ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahaty geçirildi. ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr.

«TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO: ABADANÇYLYGYŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna  (UNESСO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy  mynasybetli «Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk»  atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli we giň gerimli gatnaşyklara — 30 ýyl!

Şu gün Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Berkarar döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu şanly sene mynasybetli çärelere giň gerim berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýäris. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär» diýip belleýär. Geçen 30 ýylda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesi toplandy. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky wekilhanasy açyldy. Onuň bilen birlikde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy netijeli gatnaşyklary utgaşdyrýar.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň batly gadamlary

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyz durmuş-ykdysady özgertmeleriň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki döwürde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alnyp, halk hojalygynyň pudaklaryna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlary, innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, erkin ykdysady zolaklar dürli ýurtlarda ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli guraly, tehnologik, durmuş we ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä tejribesini öwrenip, işleri netijeli guramak bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Erkin ykdysady zolaklary döretmek, olara içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen esasy wezipeleriň biridir. Erkin ykdysady zolaklar — döwletiň araçäginde aýratyn hukuk derejesine eýe bolan hem-de işewürlik üçin salgyt ýeňillikleri, ýörite walýuta we gümrük düzgünleri ýaly şertler göz öňünde tutulan ýerlerdir. Şeýle zolaklaryň döredilmeginiň esasy maksatlary döwletiň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek, önümçilige täze tehnolog

«Türkmen Logistika» türkmen ulag kompaniýalaryny «Gara deňiz—Hazar» Logistika forumyna çagyrýar

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny 2023-nji ýylda geçiriljek «Gara deňiz — Hazar» Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu baradaky bildiriş assosiasiýanyň resmi web sahypasynda çap edildi. Forum 2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriler.

Gyrgyzystanda sebitiň iri logistika parky dörediler

2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň “A” derejeli iri logistika parky Gyrgyzystanda öz işine başlar. Bu barada bu boýunça taslamanyň konsultanty “NF Group” kompaniýasy özüniň web-saýtynda habar berýär.  163 müň inedördül metr çägi tutjak täze logistika parky ýurduň Çuý sebitiniň Alamedin etrabynda 28,8 gektar ýerde peýda bolar. Bu toplum Hytaýy we Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlary bilen birikdirýän möhüm üstaşyr ýollaryň kesişýän ýerinde gurlar. Logistika parkynyň çäginde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap ammarlar, duralga we gorag zolaklary, giriş we çykyş ýerleri bolar. 

Halkara gümrük hyzmatdaşlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda döwrebap ösüşler gazanylyp, guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem öz işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly döwrebap derejede guraýar. Şonuň bilen bir hatarda, halkara gümrük hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrýar. Serhetleşýän goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berip, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini artdyrmaga, eksport harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Soňky ýyllarda dürli ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygymyz barha ýokarlandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakyndaky Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Awaza, 14-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.

Hazar — dost-doganlygyň deňzi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. Şu ýyl bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky şol günki çäreleriň ähmiýetini artdyrdy. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi

Hazar deňziniň güni her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Şoňa görä-de, 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda bu şanly sene dabaraly bellenildi.