"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Gazçylaryň guwançly gadamlary

Bagtyýarlyk zamanamyzda türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy waka — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäniň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe ata Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädim ädildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimizi indi bütin dünýä tanaýar. Ynamly öňe gitmek üçin geçilen menzillere ser salmak bähbitlidir. Uly toýuň öň ýanynda Garaşsyzlykda gazanylanlara göz aýlamak has-da ýakymlydyr. Bu babatda milli ykdysadyýetimiziň iri we durnukly ösýän pudagy bolan gaz senagatynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere ser salmak eşretli ertire uly ynamy we ýokary ruhubelentligi döredýär. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda uly üstünlikler gazanyldy. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olary senagat taýdan özleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip, Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde gurlup, ulanylmaga berlen önümçilik desgalaryny ýatlamak bolar. Bu ýerde tebigy gazy dünýä ülňü

Bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän mediaforum

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda tutýan orny

Daşary söwda syýasaty daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge täsirini ýetirýän çäreleriň toplumydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek we ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňeýär we ýurdumyzyň dünýäniň ýurtlary bilen daşary söwdasynyň geografiki düzümi ýyl-ýyldan diwersifikasiýalaşýar. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmaga amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary sanly ulgama geçirilýär. Has dogrusy, «bir penjire» ulgamynyň üsti arkaly täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň hil we ykdysady taýdan kämilleşmegine, haryt öndürijileriň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam edýä

Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Bir taglymat — iki sebit

Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy häzirki döwrüň gereklenilýän taglymaty bolup orta çykýar. Şeýle teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň garamagyna hödürlemek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen mejlisinde habar berildi we ol bada-bat kalplara ornady. Bu başlangyjyň dünýäniň iň uly münberinde biragyzdan goldaw tapjakdygyna ildeşlerimiz birjik-de şübhelenmeýärler.

Parahatçylygyň we ösüşiň taglymaty

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň bilim ulgamynda, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşynda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz talyplardyr mekdep okuwçylary bilen duşuşyp, döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde nusgalyk okuw sapagyny geçdi. Munuň özi milli Liderimiziň ýokary ylmy-pedagogik we mugallymçylyk-halypalyk ussatlygyny açyp görkezmek bilen, Diýarymyzda ylym-bilime, ýaş nesillere döwlet derejesinde bildirilýän üns-aladany nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy sapagynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda çuňňur seljermä esaslanan garaýyşlar beýan edildi. Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alnan oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň netijeliligi, onuň parahatçylygyň, dostlugyň hem-de doganlygyň dabaralanmagyna itergi berýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz ösýär, Watanymyz gülleýär. Eziz Diýarymyzyň parahatlygy, ilimiziň abadanlygy, işlerimiziň rowaçlygy, geljegimiziň aýdyňlygy, bagtyýar durmuşymyzdan habar berýär. Bu beýik döwür, bu şöhratly eýýam türkmen halkynyň öňe çykaran kämil döwlet syýasatyny, asudalyk we parahatçylyk ýörelgesini täze çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz beýleki döwletler we halklar bilen mähirli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi wajyp ugurlaryň hatarynda goýýar. Bu ählumumy ykrarnama eýe bolýan parasatly ýörelge ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär. Şoňa laýyklykda, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri hem-de şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli bolmagy ugrundaky tagallalary edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden, pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigine we şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli baýramçylyk çärelerin

Ynsanperwerlik ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär. Olar döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerilip, ýaşlarda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetler terbiýelenýär. Ýurdumyz özara kömek bermegiň köpasyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýar. Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna laýyklykda, dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna Türkmenistanda öndürilen önümleriň, tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömeginiň berilmegi, şeýle hem goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylmagy häzirki kynçylykly döwürde ýakyn goňşularymyza edilýän goldawyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, ýene-de bir Buýruga gol çekdi. Olara degişli derman we saglygy goraýy

Netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlary

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistan — Ýaponiýa: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk giňelýär

Gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy 3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.

Hoşniýetli gatnaşyklar, möhüm çözgütler

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen baky Bitaraplyk derejesi döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli gural hökmünde öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 6 çäräniň özeninde BMG-niň derejesinde kabul edilen Kararnamanyň gozgalýan meseleleri bar. Gahryman Arkadagymyzyň sebit ähmiýetli bu çärede eden taryhy çykyşynda: «Biziň halkymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda öz döwletliligini gorap saklamagy we berkitmegi, olary ösdürmegiň başlangyç tapgyrlarynda kynçylyklary ýeňip geçmegi başardylar» diýip belläp geçdi.

Türkmenistan — Ýaponiýa: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de ÝB-niň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Bu söhbetdeşlik ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bu gün öňümizde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek wezipesiniň durýandygyny belledi. Şol meseleleriň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek, energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar. Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. ÝB-niň Baştutany Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda

Ulgamyň döwrebap gadamy

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady ýurduň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem ilatyň we ýurduň edara-kärhanalarynyň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna isleglerini halkara derejede we bähbitli şertlerde kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik toplumlarynda tehniki hadysalaryň öňüni almagyň, işgärlere şikes ýetmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň döremezligini üpjün etmegiň döwlet ätiýaçlandyryş edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we halkara ölçegler laýyk derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrýar.

Bir maksat, bir geljek

Türkmenistan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine ygrarlydyr Adamzadyň umumy öýi bolan Ýer şarynda döwletlerdir halklar bir uly maşgala ýalydyr. Şunda maşgala agzalarynyň agzybirliginiň ähli kynçylyklary ýeňip geçişi ýaly, Ýer ýüzünde asuda ýaşaýşy berkarar etmekde-de döwletleriň birek-birege goldaw bermegine, özara raýdaşlygyna we ynanyşmagyna aýratyn orun degişli.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: netijeli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin jenap Şarl Mişele minnetdarlyk bildirdi. Bu söhbetdeşlik ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki sebitara gatnaşyklaryň bu ugurda nusgalyk bolup, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasaty we howpsuzlygy babatda meseleler boýunça ýokary derejeli Dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligini nygtady. Milli Liderimiz jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem ýewropa

Energetika pudagynyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda energetika pudagynyň hem ösdürilmegine uly üns berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda birnäçe elektrik stansiýalary gurlup, ulanylmaga berildi, ozaldan hereket edip gelýän stansiýalaryň durky täzelendi, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Energetika babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, energetiki garaşsyzlygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatymyzda energetika desgalary — elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri we paýlaýjy gurluşlary gurlup, ulanmaga berildi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, 1913-nji ýylda welaýatymyzyň çäklerinde Hindiguş gidroelektrik stansiýasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu energetika desgasy Türkmenistanyň çäginde elektrik energetikasy pudagyna degişli ilkinji desga bolup, häzirki wagtda hem işlemegini dowam edýän ýurdumyz boýunça ýeke-täk gidroelektrik stansiýasy hasaplanylýar. Bu gidroelektrik stansiýasynda suwuň potensial energiýasy ulanylýar. Gidroturbinalar aýlanyp, elektrik energiýasy öndürilýär. Onuň umumy kuwwatlylygy 1,2 MWt-a deňdir, bu kuwwatlylygy sarp edijilere ýetirmek üçin uzynlygy 38,7 kilometrlik elektrik geçirijisi guruldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

Giriş Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary we gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy serişdelerine ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermekden ugur alar.