"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Durnukly ulag — rowaçlygyň kepili

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertibinde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýaşlar beýik işleriň ýolunda

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly ulgam arkaly «Türkmen ýaşlary, golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahat geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmagyň, ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ýokary ahlaklylyk ýaly häsiýetleri ösdürmegiň çäklerinde sanly ulgam arkaly geçirilen okuw-maslahat diýseň täsirli boldy. Okuw sapagynyň bu gezekki temasy «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we bu işlere ýaşlary çekmekde ýaş meýletinçileriň orny bilen bagly boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymynyň bu babatdaky çykyşy maglumatlara we maslahatlara baý boldy.

Lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy tagallalary birleşdirmek ýolunda

Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen ynsan saglygyny goramak meselelerinde işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Bu babatda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly alym-lukmanlaryň halkara forumy hem dünýä ýurtlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmekde we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Dünýäde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar. Lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlar ählumumy ösüşiň şertine öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk

Garaşsyzlygymyzyň geçen şanly 30 ýylynyň dowamynda gazanan ösüşlerimiziň gürrüňi edileninde, ulag ulgamyndaky ösüşler ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda gurlan demir ýol we awtomobil ýollary, döredilen howa we gämi gatnaw ýollary Garaşsyzlygymyzy berkitmekde Türkmenistanyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen birlikde sebitiň döwletleriniň üstaşyr gatnaşyklary ýola goýmak möhüm orun eýeledi. Gurulýan demir ýol we awto ýollar ýurdumyzyň sebitde iri ulag-logistika merkezine ynamly öwrülmegini şertlendiren wajyp pursatlar boldy. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir ugrunda ýerleşen ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň ýüregine öwrülen Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda taryhy tejribäni döwrebap talaplar esasynda gaýtadan dikeldýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary giň gerimde goldaw tapyp, sebitiň ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara guramalary ýükleri we ýolagçylary gysga ýollar arkaly howpsuz gatnatmak babatda Türkmenistanyň alyp barýan ugruny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

EKSPO — 2020: Türkmenistanyň Milli güni

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty oýlanyşykly düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» we beýleki hereket edýän pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bilen ýurdumyzda kemala getirilen sagdyn maddy-tehniki binýat we işjeň maýa goýum syýasaty netijesinde dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri boýunça depginli ykdysady ösüşini saklamaga mümkinçilik döredýär. Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde sebitde we dünýäde iň ygtybarly hyzmatdaşlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýar. Bazar gatnaşyklarynyň esasy alamatlaryndan biri hem innowasiýalara esaslanýan, dünýä jemgyýetçiliginde uly hyrydarlyga eýe bolan harytlary we hyzmatlary öndürmek, şeýle hem olary halkara giňişliginde tanatmak üçin bütindünýä derejesinde geçirilýän sergilerde çykyş etmekdir. Döwrebap marketing usullarynyň ulanylmagy bilen dünýäniň çar tarapyna öz ýurdumyzda öndürilen harytlary, baý milli-medeni mirasymyzy, şeýle hem mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň bize beren gymmatlyklaryny dünýä

Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi Işewür döwlet Baştutanymyza kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz iri kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän işewür toparlary bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, sanly ulgama geçirmäge, okgunly ylmy-tehnologik ösüşe gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň hem-de sebit we halkara ähmiýete eýe bolan iri düzümleýin taslamalaryň öňden gelýän, ygtybarly hyzmatdaş bolan «ARETI» halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly

Ulag-ýol düzümi eksport-import gatnaşyklarynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny barha kämilleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürijini artdyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatynda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler gowy netijelerini berýär. Geçen döwürde durmuşa geçirilen köpugurly işlere ser salanymyzda, olaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny özgertmekde paýynyň we ähmiýetiniň örän uludygyna göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň dürli ugurlary üçin berk binýat goýuldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly itergi berdi. Şol taslamalar biziň welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimde amala aşyrylýar. Şol mysallaryň hatarynda dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň birnäçesiniň welaýatymyzyň çäginden gözbaşyny alýandygyny, munuň üçin zerur bolan döwrebap menzilleriň gurlandygyny görkezmek bolar. Bu bolsa häzirkizaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge uly goşant boldy. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde kämil ulag-aragatnaşyk düzüminiň ähmiýeti iňňän ýokarydyr. Şu ulgamyň üsti bilen dünýä bilen ýakyn aragatnaşyk etm

Arkadagyň beýik başlangyçlary hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir

Adamzadyň nurana geljeginiň we Ýer ýüzünde parahat ýaşaýşy berkarar etmegiň hatyrasyna 76 ýyl mundan ozal döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy. Guramanyň iň ýokary wekilçilikli düzüminiň — Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdeliginiň ilkinji güni. Dünýäniň iň belent münberinden ilkinjileriň hatarynda türkmen Lideriniň täze teklipleri, başlangyçlary ýaňlanýar! Özi-de şahyr aýtmyşlaýyn, gyşlary bahara öwürýän, gülleden sözüň rüstemligini äleme aýan edýän beýik başlangyçlar! Şol başlangyçlaryň many-maňzynda owal-ahyr parahatçylygyň iň arzyly gymmatlykdygy, birek-birege ynamyň, düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň asuda dünýäni bina etmegiň ýeke-täk ýoludygy, diňe şeýle ýoluň ählumumy ösüşe eltýändigi hakdaky ideýa jemlenýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaly giň göwnünden, täzeçil, pragmatik çemeleşmelerinden kemala gelýän şol teklipleriň ähmiýeti hem derwaýyslygy barada oýlanýarkaň, danalaryň biriniň: «Dünýä ýoldan, ýol ädimden, ädim bolsa ýagşy niýetden gözbaş alýar» diýen paýhasly sözleri seriňe dolýar... Hawa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisindäki wideoýazgy çykyşy halkara jemgyýetçilikde, dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň, internet neşirleriniň sahypalarynda giň seslenme tapdy. Munuň sebäbini biz hormatly Prezidentimiziň çykyşyn

Türkmenistan — Özbegistan: gatnaşyklaryň täze eýýamyna gadam basylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iki günlük resmi sapar bilen boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana şu gezekki resmi sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açdy.

Tä­sir­li ge­çen on­laýn fo­rum

8-nji okt­ýabr­da ta­mam­la­nan «Pan­de­mi­ýa­dan soň se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň üs­ti bi­len di­ke­liş döw­ri» at­ly fo­rum söw­da me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin işe­wür we­kil­le­ri, hö­kü­met iş­gär­le­rini we sy­ýa­sat­çy­la­ry, pu­dak kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny, se­bitiň we beý­le­ki ýurt­la­ryň hü­när­men­le­ri­ni bir­leş­dir­di. Fo­rum­da pan­de­mi­ýa­dan soň­ky söw­da ýag­daý­la­ry, Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw howp­suz­ly­gy, Mer­ke­zi Azi­ýa­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri we beý­le­ki gy­zyk­ly te­ma­la­ry ara alnyp mas­la­hat­laşyldy. Bäş gün do­wam eden bu wir­tual çä­re­de Mer­ke­zi Azi­ýa­dan, ABŞ-dan we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­dan 80-den gow­rak meş­hur spi­ker­ler çy­kyş et­di­ler we 42 ýurt­dan 3500 gat­na­şy­jy bol­dy. ABŞ-nyň Hal­ka­ra Ösüş Gu­ra­ma­sy (USAID) 4-nji okt­ýabr­da baş­la­nan «Pan­de­mi­ýa­dan soň se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň üs­ti bi­len di­ke­liş döw­ri» at­ly 11-nji Mer­ke­zi Azi­ýa söw­da fo­ru­my­ny on­laýn ýag­daý­da ge­çir­di. Wir­tual fo­rum 2021-nji ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ry­na çen­li do­wam et­di. Fo­rum ABŞ-nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň 5 döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. Bu dö­wür­de Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy, de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri, yk­dy­sa­dy ösü­şi hem-de yn­san­per­wer­lik k

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işine başlan «EKS­PO – 2020»-de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­nip ge­çil­di

-njy okt­ýab­r­da hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işi­ne baş­lan «EKS­PO — 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy boldy. Bu bütindünýä ykdysady gözden geçiriş dabarasyna dün­ýä döw­let­le­ri­niň 190-sy bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti hem öz mil­li pa­wil­ýo­ny bi­len gat­naş­ýar. Ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy, dün­ýä­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­dan, hä­zir­ki za­ma­nyň iň soň­ky in­no­wa­si­ýa­la­ry, yl­my açyş­la­ry we pi­kir­le­ri bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le ab­raý­ly çä­rä bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň gat­naş­ma­gy bol­sa türk­men döw­le­ti­niň ga­za­nan­la­ry­ny, eks­port kuw­wa­ty­ny, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­dir. «Akyl-paý­ha­sy­my­zy bir­leş­di­rip, gel­je­gi dö­red­ýä­ris» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de 9-njy okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu dabara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gatnaşmagy «EKS­PO – 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dostluk ýollary rowana

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä ýurt­la­ry­na ama­la aşyr­ýan her bir sa­pa­ry halk­la­ryň dost­lu­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýar. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň 4-5-nji okt­ýabr­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry hem mu­ňa gü­wä­dir. Ok­gun­ly ös­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­lar tä­ze ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ýar. Iki do­gan­lyk ýurt­la­ryň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öza­ra sa­par­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy, uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ugur­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin bi­len ös­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­ýan köp san­ly res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şol du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ne 23 sa­ny gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň sa­na­wy bi­len ta­ny­şa

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 16-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Gon­kong­dan, Tür­ki­ýe­den, Ow­ga­nys­tan­dan we Kipr­den ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 27 mil­lion 317 müň 270 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistanyň we onuň Lideriniň dünýädäki abraýy dünýä metbugatynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

Goňşy mertebesi beýik

Geçmişde şöhratly ýollary geçen ata-babalarymyz nesillerimize «Goňşy — goňşynyň aýnasy», «Goňşy — goňşa hemsaýa» diýen ýaly parasatly pähimleri miras galdyrypdyr. Bu asylly ýörelgeler halkymyzyň daş-töweregi bilen il bolup, dost-dogan bolup, ysnyşykly ýaşamak ýaly asylly häsiýetlerini açyp görkezýär. Türkmeniň myhmansöýer, dostlukly we parahatçylyk söýüjilikli, şol sanda goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk eýerýän halkdygyna taryh şaýat. Bu asylly ýörelge häzirki bagtyýar günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigi geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparyndan soň has-da aýdyň ýüze çykdy. Halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynda täze sahypa öwrülen bu sapar türkmen-özbek dostlugy hakynda ýakymly oýlara atarýar. Özbegistan diýlende, gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk gatnaşyklary hakydaňa dolýar. Türkmen hem-de özbek halklary asyrlaryň dowamynda egin-egne berip, dost-dogan bolup ýaşapdyrlar. Häzirki döwür barada aýdylanda, bu gatnaşyklar has-da berkedi, pugtalandy. Türkmen-özbek dostlugy hakynda pikir öwreniňde, bir gözbaşdan gaýdan iki çeşme, bir düýpden gaýdýan iki şaha, bir Günden gaýdýan iki şöhle biygtyýar göz öňüňde janlanýar.

Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady

Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi Aşgabat, 8-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi.

Ikitaraplaýyn ylalaşyklar durmuşa geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi 7-nji oktýabrda milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Türkmenistan — Ermenistan: ynanyşmagyň we dostlugyň ýoly bilen

7-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän däp bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan — Russiýa: hyzmatdaşlygyň berk binýady

7-nji oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady, oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Russiýanyň Baştutany gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, öňden gelýän dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

7-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine wise-premýer S.Berdimuhamedow başlyklyk etdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.