"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Owganystanyň halkynyň adyndan hoşallyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi, Owganystanyň wekili hökmünde Şeýh Islamjardan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Onda Türkmenistanyň goňşy ýurda yzygiderli berýän kömegi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan şu ýylyň 13-nji maýynda owgan halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Şeýle hem hatda 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen çaga dogrulýan öýüň ýakynda düýpli abatlanandygy we muzdsuz iberilen derman hem-de lukmançylyk serişdeleri, türkmen lukmanlarynyň gelip, owgan tarapyna bejeriş-maslahat beriş ýardamlaryny berýändikleri üçin çäksiz hoşallyk bildirilýär.

Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Momçilo Babiçden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti KazanForuma gatnaşýar

18-19-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşýar. Halkara forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo» gözden geçirilişi we «Казань Экспо» halkara sergi merkezinde maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda «Russia Halal Market» ýarmarkasy şeýle hem yslam dünýäsiniň aşpezleriniň aşhana sergisi geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistan-Hytaý netijeli ösüşleri nazarlaýar

Türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň köpýyllyk, baý taryhy bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şol döwrüň dowamynda halklarymyzyň arasynda birek-birege goldaw bermek, medeniýetlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, dünýägaraýyşlarymyzyň özara ýakynlaşmagy bolup geçdi. Ýurtlarymyzyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly hem özara bähbitli söwda dolanyşygy bolup, parahatçylygyň, ynanyşmagyň özboluşly köprüsine öwrüldi. Taraplaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy bolsa özara düşünişmek, ynanyşmak, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýar. Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdanymyzda bolsa, ilkinji nobatda, haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny bellemek zerurdyr. Şonuň bilen birlikde,  hytaý kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işjeňligi has-da artýar. Döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, lukmançylyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda has-da pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň telekommunikasiýa, hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmekde, uzak aralykdan dolandyrylýan hemra ulgamlarynyň mümkinçiliklerini hem-de olary ulanmagyň usullaryny öwrenmekde giňden ýardam berýär. Şeýlelikde, Hytaý häzirki wagtda Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy

Türkmenistan-Gazagystan hyzmatdaşlygy

2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana bolan döwlet saparynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan paýhasynyň datly miwesi bolan Türkmenistanyň Hytaýa çekilen dünýädäki iň uzyn gaz geçirijisi Gazagystan Respublikasynyň üstünden geçýär.

Türkmen-tatar gatnaşyklary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerledýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda däp bolan bähbitli hyzmatdaşlygyň depginli ösüşinde aýdyň görmek bolýar. Bu dostlukly gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň  2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparyndaky iki dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilişini hem dabaralandyrýar.

Dostlugyň we özara hormatyň nyşany

Şu ýylyň 5-6-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Beýik Britaniýa amala aşyran iş sapary dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini tassyklan möhüm waka boldy. 5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bukingem köşgünde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini belledi.

Türkmenistan – Täjigistan: strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary we hökümet derejelerinde guralýan yzygiderli saparlar döwletara dialogy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga, anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji maýda Täjigistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäginde Duşenbede geçirilen ýokary derejeli gepleşikler hem umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Myhmansöýerlik däplerine eýerip

Köpýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.

Halkara ulag forumy geçirildi

Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Halkara foruma «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargolux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, «USAID Central Asia» maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we başga-da köp sanly hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýal

Maksat – ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek

8-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylary girizildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi. Soňra Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlyk boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, senagat, energetika, dokma pudagynyň, gurluşyk, binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň gazananlary, hususy kompaniýalaryň onlarçasynyň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary görkezildi.

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

16-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirdi. Ýurdumyzyň täze taryhyndaky şanly seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň edarasynyň agzalary, halkara bilermenler, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, birnäçe ýurtlaryň parlamentarileri geldiler.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi. Işewürler wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-iň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän, ykdysady hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmak ugrunda amatly şertler döredilen Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen mundan beýläk-de ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle hem köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasynyň bardygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Türkmen wekiliýeti «KazanForuma» gatnaşar

18-19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy geçirilýär. Halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralarynyň wekillerini, diplomatlary, syýasatçylary, maýadarlary we telekeçileri özünde birleşdirjek halkara foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde-de bellenildi.   Kazanda geçiriljek sammitde Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda demir ýol hem-de ulag gurluşyk meýilnamalary babatdaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belentliklerini nazarlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» dünýäniň alysdaky, goňşy we Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgesi esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 6-njy maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna, 9-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy, 10 — 11-nji maýda bolsa Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň guwandyryjy üstünliklere beslenmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Türkmen — hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylyk, düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkara derejedäki möhüm ähmiýetli birnäçe başlangyçlaryň esaslandyryjysy hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan tejribeleri umumylaşdyrmak esasynda ýola goýulýar. 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Bu taryhy döwürde dostlukly iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşlerini öz içine alýar. Şunda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň şol bir wagtyň özünde iki tarapyň milli bähbitlerini öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, üstünden geçiriji döwletler bolan Özbegistanyň we Gazagystanyň ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllyk taryhyny şöhlelendirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda aragatnaşygy däl, eýsem, iki döwletiň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary üçin hem esas bolup

Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygy ilerleýär

18-19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler Hoşniýetli, dostlukly diplomatik gatnaşyklaryny 31 ýyl bäri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýar. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika boýunça iki döwletiň arasynda häzirki güne çenli gol çekilen ençeme resminamalar hereket edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sahypalaryny emele getirdi. Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup, üstümizdäki ýylyň 18-19-njy maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti örboýuna galýar. Oňa sebitiň alty döwletiniň Liderleri we wekiliýet toparlary gatnaşarlar.