"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Dilim baý — dünýäm baý

Adamzadyň bir-biri bilen aragatnaşyk saklamagynda, ilkinji nobatda, diliň möhüm orny bar. Dil milli mirasymyzyň aýrylmaz özeni bolup durýar. Halkymyz maldarçylyk, ekerançylyk, senetçilik we söwda etmek bilen meşgullanypdyr. Olar haýsy ugur bilen meşgullanan hem bolsa, şoňa degişli sözleri, söz düzümlerini we meňzetmeleri öz gepleşiklerinde ulanyp, kämilleşdiripdirler. Düýe bilen baglanyşykly dil baýlygynyň goruna üns bereliň! Düýe malynyň ýük daşamak üçin bir-birine tirkelen hataryna «Kerwen» diýilýär. Kerweniň uzak ýola ýük daşamagynyň, söwdanyň ähli jogapkärçiligini öz üstüne alýan adama «Kerwenbaşy» diýilýär. Kerweniň öňündäki düýäniň owsaryndan tutup, idip alyp baryja «Düýekeş» diýilýär. Kerwendäki we öri meýdandaky düýeleri bakyja «Sarwan» diýilýär. Kerwen bilen uzak illere ýük alnyp gidilende, olaryň baryp düşleýän ýerine «Kerwensaraý» diýilýär. Kerwensaraýlarda kerweniň ýüküni saklamak üçin ammarlar, düýeler üçin ot-iým mümkinçiligi, kerwendäki adamlaryň iýip-içmekleri, dynç almaklary üçin ýörite ýatakhanalar bolupdyr.

Ol surata düşürmegiň ussadydy

Ussat fotosuratçylar hakynda söz açylsa, Sapargeldi Rozyýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Men ussat fotosuratçy Sapargeldi aga bilen ýakyndan tanyş bolup, onuň adamkärçiliginiň belentdigine, işine jany-teni bilen berlendigine, durmuşyň täsin pursatlaryny ussatlyk bilen surata düşürip bilýändigine anyk göz ýetirdim. Ýeri gelende aýtsam, men şol wagtlar Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýardym. Türkmen dili we edebiýaty dersinden bizi Sapargeldi mugallym okadýardy. Sapargeldi aganyň iş otagynda dürli döwürlerde düşürilen suratlaryň ençemesi diwarda asylgy durardy. Suratlar biri-birinden täsirli bolansoň, suratçy olaryň iň täsirlilerini, naýbaşylaryny saýlap asyp goýan bolmaly diýen pikir kalbyňda peýda bolýar. Suratlaryň birinde döşi gapak ýaly pälwanyň billeşen garşydaşynyň arkasyny ýere degrip barýan pursady suratlandyrylýan bolsa, ýene bir suratda Pendi çölünde gül-gülälege meňzäp duran gözelleriň nagma kakyp oturan mahaly olaryň ýokarsynda owaza maýyl bolup gaýmalaşýan guşlar görünýär.

Geçmişde, geljekde gerekli guýular

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Çagalyk, oglanlyk, juwanlyk döwri. Olar — biziň iň bagtyýar günlerimizi öz goýnunda saklaýan ajaýyp ýatlamalar bukjasy. Ýyllar geçip, ýatlamalara aralaşmak mende her gezek täze duýgulary oýarýar. Aradan ençeme menziller geçse-de, ol duýgular hiç haçan könelmeýär, gaýtam olaryň gymmaty, täsirliligi artýar. Wagtal-wagtal çagalyk, ýetginjeklik döwürleriňde başdan geçiren gyzykly wakalaryň hatarma-hatar göz öňüňde janlanýar.

Terbiýeçilik işinde gymmatly çeşme

Baý medeni-ruhy, kämil ahlak-edep, çuň mazmunly mirasymyzy gorap saklamakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda döwrebap görnüşde baýlaşdyryp, nesillere geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan nusgalyk eserleriniň uly ähmiýeti bardyr. Şol ajaýyp eserleriň ählisiniň içinden watansöýüjilik duýgusy eriş-argaç bolup geçýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan okuw sapaklarynyň, geçirilýän her bir terbiýeçilik işleriniň hem-de medeni-köpçülik çäreleriniň hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyrylyp geçirilmegi ýaşlara berilýän döwrebap bilimleriň çuňňur ylmy esasda bolmagyny hem-de milli mirasymyza esaslanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu eserler dürli daşary ýurt dillerine terjime edilip, ylmy taýdan öwrenilýär. Şol eserleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabydyr. Bu kitabyň her bölüminde halkyň milli döwletlilik ýörelgesiniň özboluşly aýratynlygy, däp-dessurlarymyzyň many-mazmuny doly açylyp görkezilýär. Kitapda adam durmuşynda gabat gelýän ýagdaýlar, hadysalar, wakalar täsirli beýan edilýär. Taryhy çeşmelerden toplanan maglumatlar ylmy taýdan öwrenilip, rejelenip, has-da kämilleşdirilip, türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň esaslaryny düzmek bilen jemlenýär. Kitapda: «Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejr

Egnagaç

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanyp gelen gurallarydyr senetleriniň biri-de egnagaçdyr. Oba ýerlerinde wagtynda has-da ýörgünli bolan bu senedi türkmeniň çarwa hasaby boýunça gartaňlyk we garrylyk müçelerinde gezip ýören adamlar has-da oňat bilýärler. Halkymyzda orunlary hemişe törde bolan şol ýaşdaky mährem enelerimiziň haýsy biri bilen gürrüňdeş bolsaň: «Egnagajy häzirki ýaş-ýeleňler, ösdürimler bilmese bilmez welin, biz ýaş wagtlarymyz onuň bilen akar ýapdan, guýudan gatnap köp suw daşandyrys» diýip aýdýarlar. Maşgala, hojalyk üçin gündelik zerur bolan suwy egniňde daşamak suwly gaby eliňde göterip daşandan ýeňil bolansoň, gelin-gyzlarymyz bu işde egnagajyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Ol iki metr uzynlykdaky çalarak egrelen agaç bolup, onuň iki ujunda halkasy bolupdyr. Egnagajyň her tarapyna bir suwly bedre, käbir ýagdaýlarda küýze we suw kädisi dakylyp egne göterilip suw daşalypdyr. «Egnagaç» adynyň şondan gelip çykandygyny hem wagtynda onuň hyzmatyndan peýdalanyp gelen enelerimiz aýdýarlar. Onuň bilen suw daşalanda egne goýulýan ýeri egne batmaz ýaly ýasy hem ýumşak daňy eilipdir. Käte şonuň ýerine deri hem daňylypdyr. Egnagaçda suw daşalanda, bir eliňi onuň öň tarapyndan üstüne taşlap edaly ýöremeli bolupdyr. Şonda ondan asylan gapdaky suw çaýkanyp dökülmändir.

Türkmeniň milli keçe sungaty

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň ajaýyp medeniýeti we sungaty bar. Milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Türkmen zenanlary inçe egrip, syk dokamagy başarýarlar. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan dörän halydyr palas, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de, milli özboluşlygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen keçe sungatydyr. Çaga wagtlarym garry mamam bize babamyň goýunlarynyň her ýylky güýz gyrkymyndan alan ýüňlerinden keçe ederdi. Mamamyň şol wagt aýdýan gürrüňleri gulagymda galypdyr: «Goýnuň ýazky gyrkymynyň ýüňini jorap, jempir we beýleki zatlar üçin ulanmak amatlydyr. Güýzki gyrkymynyň ýüňi hem keçe, palas, haly önümlerini dokamak üçin taýýarlansa gowy bolar diýerdi. Sebäbi «güýzki gyrkymyň ýüňi ýumşak bolýar» diýerdi.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň Ha­zar­ýa­ka şa­ha­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Aş­ga­bat­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň Ha­zar­ýa­ka şa­ha­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň se­bit­le­ýin du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Bu barada Türkmen döwler habarlar gullugy habar berýär.

Kalp­la­ry bir­leş­dir­ýän şahyrana dünýä

10-njy de­kabr­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny öw­ren­mä­ge, dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mä­ge, ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, däp-des­sur­la­ry­my­za hor­mat goý­mak ru­hun­da, yn­san­per­wer hä­si­ýet­ler­de ter­bi­ýe­le­mä­ge uly go­şan­dy­ny goş­mak ar­ka­ly dür­li ul­gam­lar­da zäh­met çe­kip, aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan ra­ýat­la­ry­my­zy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar bi­len sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­lar äh­li top­lum­lar­da ge­çi­ri­lip, ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar ýyg­na­nan­la­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni bi­len mä­hir­li gut­la­dy­lar hem-de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler. Sy­lag­la­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, da­şa­ry ýurt­lar­da döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän dip­lo­mat­lar, dö­re­di­ji­lik, me­de­ni­ýet we sun­gat, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş

Haly — gözellik dowamaty

Türkmen halysy her bir ynsanyň ruhy teşneligini gandyrýar. Çitimlerden döreýän gudraty synlanyňda türkmen ojagynyň buýsanjy bolan enelerimiziň, göz guwanjymyz bolan gyz-gelinlerimiziň näderejede ukyp-başarnyklydygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen tebigatynyň söz bilen waspyny ýetirip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlarymyzyň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi nagyşlaryň üsti bilen beýan edýän halyçylyk sungatymyz halkymyzyň milli buýsanjydyr. «Dört gazygyn diräp Zemin döşüne, toprakdan başlanýar bu beýik sungat» diýlişi ýaly, toprakdan başlap, toprakda gutarýan ajaýyp halylaryň içinde, gör, näçe sany arzuw-hyýallar, umytlar ýatandyr. Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy bu gymmatlyklarymyzyň bütin dünýäde ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsidir. Haly dokamaklyk sabyrlylygy, irginsizligi, tutanýerliligi talap edýär. Zenan elleriniň gudratyndan dörän bu ajaýyp sungat eseri ene-mamalarymyzdan nesillerimize galan mirasdyr, geçmişimizden janly şaýatdyr, her bir maşgalanyň buýsanjydyr. Türkmen halysynyň her bir nagşynyň aňyrsynda çuň many-mazmun bar. Eli çeper ene-mamalarymyz her bir nagşy döredenlerinde öz ýürek se

Tulparyň alamatlary

Halkymyz ýylky sürüsi dogrusynda «Ýüzden ýüwrük çykar, müňden tulpar» diýen nakyly döredipdir. Bu nakyly öňden eşidip ýörenem bolsam, tulparyň nähili at bolýanyny anyk göz öňüne getirip bilmeýärdim. Ony has üýtgeşik, saýlama atdyr öýdýärdim. Ýöne onuň başga alamatlary-da bar ekeni. Irki döwürde ömrüni bedew atlaryny seýislemäge bagyşlan ussat seýisleriň biri bilen söhbetdeş boldum. Çaý başyndaky söhbetdeşlikden soň, atlary ýakyndan synlap görmek üçin athana ugradyk. Athananyň daş işiginde diwardan asylan haýsydyr bir malyň injik süňki ünsümi çekdi. Oňa ünsümiň gönügenini bilip, seýis düşündirmäge durdy:

Sungata öwrülen senet

Türkmen keçesi hem edil el halysy ýaly öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir. Ene-mamalarymyzdan miras galan, sungata öwrülen senet bolan keçe barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr» diýip, belleýär. Suwy ursaň sozulmaz,Daşa ursaň döwülmez,Eýi ýetse eýilmez,Suwa ýetse süzülmez.

Bilguşagym bilimde

Halkymyzyň taryhy köklerini gadymdan alyp gaýdýan örän nepis, owadan, milli egin-eşikleri bar. Olaryň hersi öz ornunda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen milli lybaslary örän özüne çekiji, göze gelüwli. Sebäbi olarda çeper elli zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň elleriniň yzlary, bu sungata bolan yhlasy, söýgüsi bar. Şol milli miraslarymyzyň biri-de bilguşakdyr. Bilguşak matadan taýýarlanylýar, ýüňden dokalýar. Erkek kişileriň bilguşaklary zenan bilguşaklaryndan tapawutly bolýar.

Taryhy-medeni mirasymyz dünýä ýaýylýar

Düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygynyň açylyş dabarasy boldy. Daşary işler ministrliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde guran duşuşygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Gadymy türkmen topragy – adamzadyň gymmatly hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär,

Gadymy merwiň obalary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merw häzirki günde Merw şäher galalarynyň hem-de köşkleriniň, toýundan salnan ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe aramgähiň, seýilgäh toplumynyň, dürli ymaratlaryň, buzhanalaryň täsin galdyryjy yzlarydyr. Günortasy Baýramaly şäheri, beýleki taraplary ekin meýdanlary we häzirki zaman obalary bilen gurşalan goralyp saklanýan ýerlerdir». «...Merwe golaý ilkinji oba Şawal diýlip atlandyrylypdyr. Bu gadymy obanyň galyndylaryndan uzak bolmadyk aralykda Beýik Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwründe bina edilen gurluşyklaryň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr» diýip belleýär. Ine, şu kitapdan, şeýle-de orta asyr golýazma çeşmelerinden belli bolşy ýaly, X-XII asyrlarda Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogarda Merw uly şäherleriň biri bolupdyr we onuň töwereginde köp sanly obalar ýerleşipdir. Olaryň esasylary aşakdakylardan ybarat bolupdyr. Şawaşkan. Merw şäherinden 25 kilometr çemesi demirgazyk-günbatarda, Harekan kanalynyň boýunda ýerleşen gür ilatly bu obada ýüpek gurçugy ýetişdirilip, Eýrana we beýleki ýerlere äkidilipdir. Bu obada ýüpek gurçugynyň ýokary hilini döretmek bilen gyzyklanypdyrlar. Ol ýerde ýüpekden gowy matalar hem dokalypdyr.

Mähir dessany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir».Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Hüwdülerde çaganyň watanperwer, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer, tutuş ömrüne bagtly bolmagy dileg edilip, olar ene mähirinden dörän şahyrana setirlerdir. Hüwdüleri bize ýakymly edýän zat bolsa ene ýüreginiň mähiridir.

Hakyň ýolundaky beýik ynsan

Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň üsti bilen Hazara guýýan döwründe onuň boýunda ençeme şäherler, oba-kentler ýerleşip, bu ýerlerde ýaşaýyş, medeniýet gülläp ösüpdir. Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag düzlügi hem bagly-bakjaly, ekerançylygyň ösen ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde ýerleşýän Bötendag belentligi, rowaýatlara görä, bir gijede peýda bolanmyş. «Syrly, güberip duran, göçüp gelen» ýaly manylary aňladýan bu belentlik uzaklardan seredeniňde takyr meýdanda bir ýerden getirilip goýlan dag bölegine çalym edýär. Bötendag belentliginiň günorta böleginiň iň belent ýerinde Ybraýym Edhem ady bilen meşhur bolan şahsyýet bilen baglanyşykly ýadygärlikler toplumy bar. Ol halkyň köpçülikleýin zyýarata gelýän ýerleriniň biridir. Bu ýerde boýy äpet uzyn adam hökmünde suratlandyrylýan Çilgez sopy, onuň guran Garawul diňi baradaky gürrüňler hem köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Ybraýym Edhemiň keramatly adam bolandygy barada halk arasynda dürli rowaýatlar aýdylýar. Aýtmaklaryna görä, Ybraýym Edhem ruhy gymmatlyklaryň hatyrasyna özüniň soltanlyk tagtyndan geçipdir. Ol şeýle diýipdir:

Ýagşyny ýatlamak — parz

Sungata ýugrulan ömür Nesilbaşymyz Oguz han döwründe ösüp-örňän ajaýyp aýdym-sazlarymyzy, gadymy hem müdimi mukamlarymyzy, halk dessanlarymyzy çuňňur öwrenip, özleşdirip, barha ýokary kämillige ýetirmek ugrunda bu günki günde uly işler alnyp barylýar. Gymmatly mirasymyz bolan milli aýdym-sazlarymyzyň ajaýyp owazlary halkymyzyň hemişelik hemra edinen gara gazmasynyň on üç perdesine, dutaryň ýüpek tarlaryna, gargy hem-de dilli tüýdüklerimiziň, gyjakdyr gopuzymyzyň şirin nagmalaryna, bagşyçylyk sungatymyzyň dessançylyk, tirme we ýanama däplerine siňipdir. Geçmiş ussatlarymyzyň atlary, döreden, aýdan, çalan, aýdym-sazlary rowaýatlara öwrülip gidipdir.

Mirasgäriň ýandepderçesinden

Ýaby nähili çekjek bolsaň... Öňki döwürde bir oba ýap çekjek bolanlarynda, çekiljek ýabyň ugruny kesgitlemek üçin şeýle bir usuly ulanypdyrlar.Ýabynyň boýnundan bir halta gum asyp, arkasyna külden doldurylan argyş çuwaly basypdyrlar. Soňam çuwaldan kül dökülip durar ýaly aşagyndan deşip, ýabyny ýabyň çekiljek ugry boýunça kowupdyrlar. Şonda ýaby boýnundan ýük asylyp duransoň, kowlan ugruna ýeriň pesini saýlap ýöräpdir. Dökülip barýan kül bolsa, onuň ugruny belli edipdir.

Söz manysy

Taraş. Ilimizde: «Ýaba taraş, gyza gaş ýaraşar» diýen aýtgy bar. Bu söz oba adamlaryna beletdir. Çünki ýabyň içi gazylandan soň onuň iki gyrasyna taraş urulýar, ýagny pil bilen timarlanylýar, ýylmanylýar. Bir zada timar bermek, syntgalamak manyda ulanýan bu söze akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem gabat gelinýär: «Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar».