Dilim baý — dünýäm baý

18 Dekabr 2024
117

Adamzadyň bir-biri bilen aragatnaşyk saklamagynda, ilkinji nobatda, diliň möhüm orny bar. Dil milli mirasymyzyň aýrylmaz özeni bolup durýar. Halkymyz maldarçylyk, ekerançylyk, senetçilik we söwda etmek bilen meşgullanypdyr. Olar haýsy ugur bilen meşgullanan hem bolsa, şoňa degişli sözleri, söz düzümlerini we meňzetmeleri öz gepleşiklerinde ulanyp, kämilleşdiripdirler. Düýe bilen baglanyşykly dil baýlygynyň goruna üns bereliň! Düýe malynyň ýük daşamak üçin bir-birine tirkelen hataryna «Kerwen» diýilýär. Kerweniň uzak ýola ýük daşamagynyň, söwdanyň ähli jogapkärçiligini öz üstüne alýan adama «Kerwenbaşy» diýilýär. Kerweniň öňündäki düýäniň owsaryndan tutup, idip alyp baryja «Düýekeş» diýilýär. Kerwendäki we öri meýdandaky düýeleri bakyja «Sarwan» diýilýär.

Kerwen bilen uzak illere ýük alnyp gidilende, olaryň baryp düşleýän ýerine «Kerwensaraý» diýilýär. Kerwensaraýlarda kerweniň ýüküni saklamak üçin ammarlar, düýeler üçin ot-iým mümkinçiligi, kerwendäki adamlaryň iýip-içmekleri, dynç almaklary üçin ýörite ýatakhanalar bolupdyr.

Roza KARRIÝEWA,
TOHI-niň mugallymy.