Dagdan
Türkmen halky ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olary artdyrmak bilen baglanyşykly birtopar adatlary, däpleri, yrym-ynançlary döredipdir. Agaç nahalyny oturtmak haýyrly, sogap iş hasaplanýar. Halk arasynda «Agaç eken, köpri guran, guýy gazan adamyň ömri haýp geçmeýär» diýilýär. Ata-babalarymyz tebigata hiç hili zeper ýetirmezden, oňa aňly-düşünjeli täsir etmegi öwrenip, ösümlik dünýäsine aýratyn aýawly çemeleşipdirler. Halk arasynda dagdan agajyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň goraýjy güýjüniň bardygyna ynanylýar. Halkymyzda «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýilmegi-de muny tassyklaýar. Dagdan agajyna başgaça «karkas, daş agajy» hem diýilýär. Ol, esasan, Köpetdagyň merkezinde we günbatarynda, şeýle-de Uly Balkan daglarynda köp duş gelýär. Halk arasynda dagdan agajynyň şahalaryndan dürli şekilleri ýasap, gorag hökmünde ýanyňda saklamak däbi bolup, onuň gözden-dilden goraýandygyna ynanylýar. Häzirki wagtda gorag dagdanlary has hem senetleşdirilip, dürli görnüşlerde duş gelýär. Olary köplenç ýaş çagalarda, has takygy, 3-4 ýaşa çenli çagalarda, täze gelinlerde, ýaşuly zenanlaryň köýneklerinde görmek bolýar. Gözden-dilden goramak maksady bilen, dagdan bölejiklerini çagalaryň sallançagynyň ýokarsyna we jaýyň girelgesine asýarlar. Türkmenleriň ak öýlerinde bolsa häzirki wagtda-da üçburç görnüşli dagdan bölejigini tüýnügiň ýüpüne asyp goýýarlar. Bäherden etrabynda