Dagdan

5 Ýanwar 2024
1434

Türkmen halky ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olary artdyrmak bilen baglanyşykly birtopar adatlary, däpleri, yrym-ynançlary döredipdir. Agaç nahalyny oturtmak haýyrly, sogap iş hasaplanýar. Halk arasynda «Agaç eken, köpri guran, guýy gazan adamyň ömri haýp geçmeýär» diýilýär. Ata-babalarymyz tebigata hiç hili zeper ýetirmezden, oňa aňly-düşünjeli täsir etmegi öwrenip, ösümlik dünýäsine aýratyn aýawly çemeleşipdirler.

Halk arasynda dagdan agajyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň goraýjy güýjüniň bardygyna ynanylýar. Halkymyzda «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýilmegi-de muny tassyklaýar. Dagdan agajyna başgaça «karkas, daş agajy» hem diýilýär. Ol, esasan, Köpetdagyň merkezinde we günbatarynda, şeýle-de Uly Balkan daglarynda köp duş gelýär. Halk arasynda dagdan agajynyň şahalaryndan dürli şekilleri ýasap, gorag hökmünde ýanyňda saklamak däbi bolup, onuň gözden-dilden goraýandygyna ynanylýar. Häzirki wagtda gorag dagdanlary has hem senetleşdirilip, dürli görnüşlerde duş gelýär. Olary köplenç ýaş çagalarda, has takygy, 3-4 ýaşa çenli çagalarda, täze gelinlerde, ýaşuly zenanlaryň köýneklerinde görmek bolýar. Gözden-dilden goramak maksady bilen, dagdan bölejiklerini çagalaryň sallançagynyň ýokarsyna we jaýyň girelgesine asýarlar. Türkmenleriň ak öýlerinde bolsa häzirki wagtda-da üçburç görnüşli dagdan bölejigini tüýnügiň ýüpüne asyp goýýarlar. Bäherden etrabynda we onuň töweregindäki ýerlerde dagdanyň köp ulanylmagy ýöne ýerden däldir. Sebäbi bu sebitiň daglyk ýerlerinde dagdan agajyna köp duş gelmek bolýar. Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylary bolsa dagdan agajyny dermanlyk ösümlik hökmünde hem ulanypdyrlar. Bu agajyň bölejiklerini kelläň üstüne goýsaň, onda ol agyr kellagyryny aýyrmaga ýardam edýär diýip ynanypdyrlar.

Aýnur SEMETOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.