"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Şeker süýji, ýöne...

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň umumy endokrinologiýa bölüminiň lukmany Ogulsona Babaýewa žurnalist Narjan Kasymowa bilen söhbetdeşlikde adamyň gündelik iýmitinde giňden ulanylýan önüm bolan şekeriň saglyga täsiri barada gürrüň berýär. Şeker, edil duz, dürli görnüşli ýaglar (şol sanda mal ýaglary) ýaly ýaşaýyş üçin zerur gerek. Ýöne artykmaç mukdarda ulanylanda onuň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigi hem mälimdir. Şekeriň, onda-da senagatda işlenen şekeriň köp mukdarda yzygiderli ulanylmagy maddalaryň alyş-çalşynyň (metabolizm) bozulmagyna, semizligiň, süýjüli diabetiň döremegine itergi berip bilýär.

Halyň niçik, ýetginjek?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa ýetginjegiň fiziki, psihiki saglygyny goramagyň ugur-ýollary barada Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň müdiri Aşgabat Nohurow bilen söhbetdeş boldy. — Söhbetimize ýetginjekleriň gün tertibiniň guralyşyndan başlaýalyň...

Saçlaryňyz sagdyn bolsun diýseňiz...

Sagdyn saçlar diňe bir adamyň saglygynyň görkezijisi bolman, eýsem, ol onuň öz-özüne we daşky keşbine bolan garaýşyny hem aýdyň aňladýar. Saçlara nähili ideg etmeli? Elbetde, her görnüşli saç üçin özboluşly ideg çärelerini we serişdelerini saýlap almak gerekdir. Saçlaryň aýratynlygy

Uzak ýaşamak iýmite baglymy?

Uzak we sagdyn ýaşamagyň syrlary ir zamandan bäri adamzady gyzyklandyryp gelýär. Dogry iýmitlenmegiň, edil sagdyn durmuş ýörelgesiniň beýleki düzgünleri ýaly, juwanlyk döwrüni uzaldýandygyna, garrylygy yza tesdirýändigine, daşky keşbiňi gözelleşdirýändigine gadymky adamlar hem göz ýetiripdir. Gündelik iýmitlenişde ulanylýan önümleriň dogry saýlanylmagynyň, hakykatdan-da, sagdyn we uzak ýaşamaga täsir edýändigini durmuş tejribesi görkezýär. Aýry-aýry iýmit önümleri bu babatda has uly ähmiýete eýe bolup durýar. Kakaonyň we gara şokoladyň düzüminde köp mukdarda flawonoidler, antioksidantlar saklanýar. Bu maddalaryň ýürek-damar näsazlyklaryna, onkologiýa keselleriniň döremegine itergi berýän kanserogenlere, howply çişlere, sowuklama, gaýnaglama garşy täsire eýe bolup durýandygy mälimdir. Olar ýatkeşligi berkidýär, garrama hadysasyny bökdeýär. Şoňa görä, gije-gündiziň dowamynda 30 g gara şokolad iýmek maslahat berilýär.

Aýdymy enjam arkaly diňlemek hökmanmy?

Sesi gataldyp eşitdiriji enjamyň (pleýer, nauşnik) eşidişe zyýanly täsir edýändigi barada köp aýdylýar. Bu tötänden däldir. Içki gulagyň güýçli galmagalyň täsiri astynda zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän näsazlyk bolup, ol «akustiki şikes» diýlip atlandyrylýar. Bu keseliň ýiti görnüşi ses tolkunynyň deprek perdesine ýakyn aralykdan «zarba urmagy» netijesinde döräp, onuň ýüze çykmagy üçin ýekeje gezek gulaga ýakyn durlup, gaty gygyrylmagy ýeterlik bolýar. Onçakly ýakyn bolmadyk aralykda ýaňlanýan sesiň, galmagalyň, şowhunyň yzygiderli täsir edip durmagy akustiki şikesiň dowamly görnüşiniň döremegine sebäp bolýar. Sesi gataldyp eşitdiriji enjam yzygiderli ulanylanda ses tolkuny 1-1,5sm aralykdan deprek perdesine güýçli «urulýar». Üstesine, şeýle zarba yzygiderli gaýtalanyp durulýar. Şoňa görä, bu enjamyň kömegi bilen saz diňlemegi halaýanlarda akustiki şikesiň iki görnüşi hem ýüze çykyp bilýär. Kadaly ýagdaýda adatça gartaşan ýaşly adamlarda eşidiş agzasynyň işjeňligi peselip başlaýar. Soňabaka eşidiş kem-kemden agralyp ugraýar. Munuň özi tebigy sebäplere (daşky gurşawdaky gaty sesler, galmagal, şowhun) görä bolup geçýän hadysadyr. Sesi gataldyp eşitdiriji enjamy (ýeri gelende bellesek, el telefonyny hem) yzygiderli we işjeň ýagdaýda ulanmaga endik eden, kelle beýnisiniň damarlarynda aterosklerozly üýtgemeler bolup geçen, boýun oňurgasynyň osteohondrozy bar bol

Alamatlar nämäni duýdurýar?

Haýsy alamatlara üns bermeli? Ir säherde ukudan oýanylýan wagtda syrkawyň çep ýa-da sag aýagy guruşýar, hereketi gowşaýar, güýji peselýär. Ysmazlyk ýüze çykyp bilýär. Bu alamatlaryň irden däl-de, biraz soňra, günüň dowamynda ýüze çykmagy hem mümkindir.

Ene süýdi – sagdyn ösüşiň kepili

Döwletimiz tarapyndan çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi, olaryň kadaly ösüşi üçin uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak» hakyndaky Kanundan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek bilen bagly her ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi» bellenilýär. Ene süýdi çaganyň sagdyn ösüşi üçin örän gymmatly iýmitdir. 2-3 ýaşa çenli ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň çagany dürli kesellerden goraýanlygy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ylmy taýdan aýdyň beýan edildi. Şeýle hem hünärmenler tarapyndan ene süýdi bilen kada laýyk iýmitlendirilen çagalaryň akyl-huş we zehin taýdan ösüşiň ýokary derejede bolýanlygy kesgitlenildi.

Saglygym — baş baýlygym

Eziz Diýarymyzda 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

But süňküniň kellejiginiň aseptiki nekrozy

Atageldi GERMANOW Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Görüş nerwiniň intrakranial bölüminiň inwolýusion üýtgemeleriniň deňeşdirme morfologiýasy

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Gurban PIRLIÝEW, Aman GELDIÝEW, Jahan LAMANOWA, Merdan SÜLEÝMANOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Bagryň kistalarynyň tapawutlandyrylyş aýratynlyklary

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOW S.A.Nyýazow adyndaky BMBM, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy

Dürli derejeli dewiasiýaly daş taraplaýyn göz çaşylygynyň hirurgik bejerilişine tapawutlandyrylan çemeleşme

Aýgözel GUDRATULLAÝEWA Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi

Çagalarda miopiýanyň gaýra üzülen akymynyň prediktorlaryny anyklamakda ýokary tehnologiýaly usullaryň ähmiýeti

Gurban KARANOW, Güljamal EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Maýsa NAZGYLYJOWA, Aýlar PENAÝEWA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaglarda meýilleşdirilen gemodializ üçin hemişelik gan damar girelgesi

Sapargeldi MÄTNEPESOW, Nurmyrat ÇONANOW, Mubarak MURATOWA, Mekan REJEPOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana

Lukman Arkadagymyzyň ensiklopedik eseri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýen sözlerinden ugur alyp, saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler bar. Halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýan melhem ösümlikleri hemmetaraplaýyn, ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär, olardan derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda hem şeýle kärhananyň gurluşygynyň göz öňünde tutulmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Gije-gündiz halk hyzmaty

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dowamly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýşy, derman senagatyny kämilleşdirmek ugrunda köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň hem-de ilatyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» gurluşa eýe Arkadag şäherine hem, sözüň doly manysynda, sagdynlygyň mekany diýip aýdyp bolar. Bu ýerde dünýäniň iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, lukmançylyk bilim ojagy, ilaty gije-gündiz ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün edýän dermanhanalar hereket edýär. Täze şäherdäki dermanhanalarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Olaryň hatarynda dermannama boýunça, 50 göterim ýeňillikli, mugt goýberilýän derman serişdeleri hem bar. Baş dermanhana birleşiginiň garamagyndaky bu dermanhanalarda ilata hödürlenýän derman serişdeleri dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Dermanhanalaryň bir gatly binalarynda müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, de

Injiriň şiresiniň antibakterial işjeňligini kesgitlemek

Nargözel MYRATNAZAROWA, Muhammetguly ATAGARAÝEW, Gülnar MYRATGELDIÝEWA, Irina WYSOTINA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Aortanyň koarktasiýasynyň endowaskulýar bejergisiniň netijeliligi

Sona ANNANIÝAZOWA, Bahram KADYROW, Bahargül ŞYHNAZAROWA, Parahat GAÝYPJANOW Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi

Çaga ýüreginden «Arkadag» medalyna

Geçilen ýollaryň many-mazmuny bitirilen gowy işler bilen ölçenilýär. Şol işler ynsanyň ýaşaýşynyň ýakymyny, şatlygyny artdyrýar. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleriniň biri, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ortoped lukmany Çarykuly Bazarowyň zähmet ýolunda ykballary özgerden şeýle işler juda kän. Şol bir saglyk merkezinde 30 ýyl çemesi çekilen zähmet, üstünlikli amala aşyrylan çaga operasiýalarynyň müňlerçesi onuň ömrüne bezeg berýär. Diýmek, Çarykuly aganyň durmuş we zähmet ýoluna şunça ykbalyň şatlygy sygýar. Bu ykballara dahylly ata-ene, dogan-garyndaş, dost-ýar, gör, ýene näçe ykbal bar. Esasanam, soňky ýyllary diýseňiz-läň! Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna üstünlikli geçirilen operasiýalaryň her biri ýatda galyjy. Ine, şol operasiýalardan soň saglygyna gowşan çagalar, olaryň ata-eneleri hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlaryň sanawynda Çarykuly aganyň hem adyny görüp, begenjinden guş bolup uçdular. Hawa, olar lukmana alkyş aýdypdylar, hormatly Prezidentimiz bolsa olaryň alkyşlaryny döwlet sylagyna öwrüp, lukmana gaýdyp berdi.

Sport saglyga hemra

— Üç ýyldan bäri biynjalyk edýän derdime etmedik emim galmady. Içimdäki, dyz bogunlarymdaky, oňurgalarymdaky agyrylar wagtlaýyn aýrylan ýaly bolsa-da ýene-de tapylyberýärdi. Ýöne birden hemme zat üýtgedi. «Farap» şypahanasyna gelip, saglygymy bejerdip ýören günlerimde bejeriş-bedenterbiýe otagyna girdim. Bu ýerdäki hünärmen meni mähir bilen garşylady. Arzymy diňläninden soňra, otagdaky enjamlar bilen tanyşdyrdy we biz dessine türgenleşip başladyk. Eýýäm bir gezekden soň men endamymda ýeňillik duýdum. Men indi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýaryn. Munuň, hakykatdan-da, bedenimize saglyk paýlaýandygyna aňryýany bilen göz ýetirdim. Bu sözler şypahanada bejergi alan paýtagtly Işanguly Kerimowyň sözleri. Işanguly aganyň dertlerinden dynmagyna sebäp bolan Zakirjan Ýoldaşow indi birnäçe ýyldan bäri «Farap» şypahanasynda bejeriş-bedenterbiýe otagynyň hünärmeni bolup işleýär. Onuň gürrüň bermegine görä, mugallymlar maşgalasynda dünýä inen türgen entek çagaka hem juda çalasyn bolupdyr. Şol sebäpden hossarlary onuň sport bilen meşgullanmagyny oňlapdyrlar. Ol 5 ýaşyndan bäri sport bilen meşgullanyp gelýär.