"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Gyş paslynda berjaý edilmeli kadalar

•Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. •Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Iň ýokary gymmatlyk

Ajaýyp zamanamyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar» diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge kömek edýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň hemmesi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk — bu her bir adamynyň, maşgalanyň, jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Günüň dowamynda 30-45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Yzygiderli sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar.

Saglygy goraýyşda halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar, lukmançylyk ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş işgärlerine halkymyza hyzmat edip, ak ýürekden zähmet çekmäge itergi berýär hem-de olaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

Ynsan saglygynyň goragynda

8-9-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi.  Iki gün dowam eden  forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guraldy.     Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Saglyk — baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili gowulandyryldy. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatynda uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy döredildi.

Goşulyşmazlyk Hereketi we BSGG: ynsan saglygynyň goragynda

Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady. Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.

Gyş paslynda peýdaly önümler

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde bereketli topragymyzda ýetişýän gök-bakja önümler bilen iýmitlenmegiň saglygymyzy gorap saklamakda diýseň peýdalydygyny, olaryň dermanlyk häsiýetine eýedigini, dürli witaminlere baýdygyny, bedeni berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek. Şeýle gök-bakja önümleriniň biri kelem bolup, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Adamyň saglygy üçin peýdasy uly bolan kelemiň minerallara örän baýdygy ylmy taýdan tassyklandy. Esasan hem, ol C, K witaminlerine baýdyr.

Gymmatly baýlyk

Ýiti respirator keseliň döremegine getirýän wiruslar daş-töweregimizi hemişe gurşap alýar. Ol tiz özgermek ukybyna eýe bolansoň, bu kesel,  häzir bolmasaň, gaýta-gaýta degip bilýär. Wirus diýseň çalt ýaýraýar. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýokuşýar. Ýiti respirator keseli ýüze çykanda bedeniň gyzgyny  ýokarlanyp, kelleagyry, bogunagyry döräp başlaýar. Ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edýär.

Pasyla görä geýniň!

Sagdynlyk durmuşy gözelleşdirýär. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Elleri nahar iýmezden ozal we nahar iýlenden soň sabynlap ýuwmaly.

Häzirki zaman saglygy goraýşyň belent derejesi

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda ýetilen sepgitler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly taryhy waka bolup geçdi.

Syrderýa buýurgyny

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Syrderýa buýurgyny — selmeler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-40 sm köpýyllyk otjumak wekili. Gülýanynyň ýaprajyklary miwelemede ganatly. Ganaty miweden uzynrak, kese eglen ýa-da ýokaryk gönügen, ýöne miwä gysylmadyk. Ösümlik has ownuk tegelek ýa-da kütek 4 gyraňly şahajykly. Ol üçünji derejeli güýçi şahalanan.

Sowuklamada haýsy alamatlara üns bermeli?

Sowuklama burnuň nemli bardasynyň gaýnaglamasy, burnuň dykylmasy we beden temperaturasynyň ýokarlanmagy, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Rinit — gulak, burun, bokurdak agzalarynda we ýokary dem alyş ýollarynda ýygy duş gelýän keselleriň biri bolup, beýleki keseller bilen bilelikde ýa-da özbaşdak hem ýüze çykyp bilýär. Ol dürli ýaşdaky adamlarda, esasan-da, çagalarda köp ýüze çykýar. Köplenç, bu kesele duçar bolan näsaglar oňa biparh seredýärler ýa-da ýörite bejergä mätäç däl diýip ýalňyş pikir edýärler.

Soraň, jogap berýäris

Ýürek näme üçin haýal urýar? «Men 60 ýaşymda. Käte pulsum peselip, ysgyndan gaçýaryn, ukym tutýar. Pulsuň peselmegine näme sebäp bolýar?».

Gök önümler näme üçin peýdaly?

Gündelik iýmitlenişde gök önümleriň yzygiderli ulanylmagy adamyň sagdyn ýaşamagyny gazanmakda, onuň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne diňe bir ir-iýmişdir miweler, gök we bakja önümleri bilen iýmitlenilmegi hem bedene uly zyýan ýetirip bilýär. Ilki bilen gök önümleriň peýdaly häsiýetine seredip geçeliň. • Gök önümler aşgazan-içege ulgamyny işjeňleşdirýär. Düzümindäki alma, limon organiki turşulary, efir ýaglary ys alyş we tagam duýuş reseptorlaryna täsir edip, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär. Aşgazan şiresi bolsa diňe bir gök önümleriň däl-de, eýsem, siňmegi kyn bolan etli, hamyrly naharlaryň hem özleşmegini tizleşdirýär.

Ýaş türgenleriň iýmitlenmeginiň aýratynlygy

Sagdyn we dogry iýmitlenmek diňe bir madda çalşygyny sazlaman, eýsem, ýetginjegiň bedeniniň dürli kesellere garşy durnuklylygyna, işjeňligine uly täsir edip, onuň fiziki we psihiki taýdan ösüşine hem ýardam edýär. Sagdyn iýmitlenmek soňky döwürlerde bütin dünýäde esasy orny eýeleýär.

Süýjükeseli bejerip bolýandyr

Habarçymyz Narjan Ilmyradowanyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň alym kätibi, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Begenç Annaýew bilen söhbetdeşliginde giňden ýaýran kesel — süýjüli diabet bilen baglanyşykly meseleler barada söz açylýar. — Hakykatdan-da, süýjüli diabet tutuş Ýer yklymynda giňden ýaýran keselleriň biri bolup, ol has howply keselleriň sanawynda 4-nji orny eýeleýär. Gynansak-da, jahanda bu kesele duçar bolan syrkawlaryň sany her ýylda artýar.

Dümewiň öňüni almak boýunça maslahatlar

Çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň wirusly ýokanjynyň we dümewüň öňüni alyş çäreleri gündelik durmuş, iýmitlenme, arassaçylyk we beýleki umumy düzgünleri berjaý etmek bilen baglydyr. bu düzgünleriň berjaý edilmegi bolsa, çaganyň immunitetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Gündelik durmuş şertleri

Immuniteti nädip berkitmeli?

Immunitet näme? Bu bedeniň daşky gurşawdaky dürli kesel döredijilere (bakteriýalara, wiruslara, kömelejiklere) garşy göreşmek ukybydyr. Immun ulgamy ýokarda beýan edilenlere garşy göreşmeklik bilen birlikde, çaga bedeniniň kesellemezligine, kesellän ýagdaýynda hem onuň ýeňil, çalt geçmegine ýardam edýär. Ene-atalarda, köplenç halatda, çagalarynyň saglygyny berkitmek bilen baglylykda, «immuniteti nähili ýokarlandyrmaly?» diýen sorag döreýär. Ýokary immunitet diňe möwsümleýin kesellerden, sowuklamalardan goramak bilen çäklenmän, adamyň umumy sagdynlygynyň kepili bolup durýar. Maglumatlara görä, immunitet ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem baglydyr.