Gül-gülüstan, bagy-bossan Diýarym

15 Mart 2023
1147

Baky berkarar döwletimizde her ýyl saýaly, pürli we miweli baglar oturdylýar. Bu sogap işiň ata Watanymyzy özgertmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde oturdylýan dürli baglaryň hatary ýylba-ýyldan artyp, olar döwrebap binalar bilen özboluşly sazlaşýar. Şeýle görnüşi synlap, hormatly Prezidentimiziň tebigat baýlyklaryny aýawly saklamak, goramak bilen bagly durmuşa geçirýän işleriniň çuňňur mana eýedigine, ähmiýetine has-da anyk göz ýetirýäris. Zeminiň ýaşyl guşagy bolan ajaýyp baglaryň ynsan saglygyny goramakdaky ähmiýetini hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz.

Bag ekmek ýaly sogap işe okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary hem ýokary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Bu işde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri ýakyndan ýardam edýärler, olar bag nahallaryny ýetişdirmegiň, oturtmagyň, olara ideg etmegiň usullaryny öwredýärler, ýetişdiren bag nahallaryndan berýärler. Welaýatymyzyň ýerli toprak-howa şertlerinde ösmäge ukyply baglary ekmek we olara kada laýyk ideg etmek bize egsilmez ruhy joşgun berýär. Öz ýaşaýan ýerimizde dagyň eteginde, göni hem giň şaýollaryň, köçeleriň ugrunda ekilýän, döwrebap binalar bilen sazlaşykly utgaşýan baglaryň hatary ýylba-ýyldan özgerýän, bagy-bossanlyga bürenýän şäherimize bolan söýgimizi has-da artdyrýar.

Arzygül Täçgulyýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň esasy hünärmen-önümçilik hünär okuwynyň ussasy.