Bag ekmek — durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi

14 Mart 2023
1287

Ýurdumyzda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek çäresi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Däp bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ata Watanymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Taryhda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döreden halkymyz bag ekmek işlerine, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmegine zerur üns beripdir. Bu ýörelgeleriň häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp derejede dowam etdirilýändigini bellemek ýakymly.

Şäheriň gözelligi we arassalygy adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, şäher ilatynyň döredijilik we watansöýüjilik ruhuny belende göterýär. Şäheriň çäginde seýilgäh zolaklarynyň köpelmegi, meýdançalarda, ýol ýakalarynda hem-de paýtagtymyzyň eteklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi we bar bolan baglara degişli derejede ideg edilmegi ekologiýa ýagdaýyny ýokarlandyrýar. Seýilgähleriň belent başly suw çüwdürimleri bilen utgaşmagy ýakymly howa gurşawyny emele getirýär.

Gülbahar KULOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.