Nebitiň we gazyň toplanmagy

2 Maý 2022
1758

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Başlangyç toplanma şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň netijesinde amala aşýar: uglewodorod gazlarynyň suwdan (nebitden) subkapillýar köpürjikler görnüşinde, erginden gazlaryň diffuziýasynyň netijesinde irelmegi we kiçi ölçegli köpürjikleriň has uly köpürjiklere birleşmegi; temperaturanyň peselmegi bilen suwly erginlerden suwuk uglewodorodlaryň bölünip çykmagy we minerallaşmanyň ýokarlanmagy bilen olaryň ýaglanmagy hem-de soňra emele gelen damjalaryň koalessensiýasy (koalessensiýa — damjalaryň biri-biri bilen birleşme hadysasy), suwuk uglewodorodlaryň misellýar (misellýar — has owunjak bölekler) erginleriniň elekden geçme bölünmegi we ýarym geçirijilikli (syzdyryjylykly) ekranyň içinden suwuň süzülmeginiň netijesinde olaryň emulsiýasy; suwuk uglewodorodlaryň gazkondensat erginlerden bölünip aýrylmagy. Başlangyç toplanmanyň mehanizminde heniz köp näbellilikler bar. Ähtimal, onuň aýry-aýry bölekleri we ýagdaýlary başlangyç göçmede eýýäm bardyr, onuň netijesinde nebit we gaz öndüriji dag jynslaryndan erkin faza görnüşinde göçüp biler.

Baýramgeldi NEDIROW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty.