Bähbitli barlaglar

27 Aprel 2022
1793

Häzirki wagtda energiýanyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, ol hem onuň her günde diýen ýaly sarp edilişiniň barha artýandygydyr. Ýangyjyň dünýä bazarynda bahasynyň ýokarlanmagy, energiýany öndürmegiň we toplamagyň täze usullaryny gözlemäge mejbur edýär. Energiýany öndürmegiň adaty usullary bilen bir hatarda, ony öndürmegiň adaty bolmadyk görnüşleri, ýagny, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna energiýany öndürmek ähli ýurtlarda diýen ýaly ýola goýuldy we ylmy taýdan öwrenilýär.

Energiýany gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna öndürmek bilen bir hatarda ony toplamak, ýagny, Gün gyzdyryjylarynyň (Gün kollektorlarynyň) hasabyna öndürilen ýylylyk energiýasyny agşamlaryna ýa-da gijelerine peýdalanmak üçin ýörite gurluşlary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Häzirki wagtda bu gurluşlar giňden peýdalanylyp gelinýär.