Nebitiň we gazyň toplanmagy

25 Aprel 2022
1857

Türkmenistanyň çäginde nebitgaz ýataklarynyň esasy bölegi ýurdumyzyň günorta-günbatar, gaz-gazkondensat ýataklarynyň esasy bölegi bolsa merkezi, gündogar we günorta-gündogar çäklerinde jemlenen. Munuň şeýle bolmagy ýerasty gatlaklarynyň onlarça million ýyllaryň dowamynda geologik ösüş taryhy, tektoniki hereketler, ýerasty jaýrylmalar, paleogeografik, litologik-fasial, organiki maddalaryň, nebit we gaz emele getiriji dag jynslarynyň ýaýraýşy, duzaklaryň, ýataklaryň örtükleriniň, gidrogeologik, termobariki, şeýle-de soňra bolup geçýän dürli hadysalar bilen şertlendirilen. Ýeriň jümmüşinde nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň toplanmagynyň dürlüligi ýokarda sanalyp geçilen şertler bilen gös-göni bagly.

Şu makala taýýarlananda nebitiň we gazyň toplanmagy barada çap edilen edebiýat çeşmelerinden hem peýdalanyldy.

Baýramgeldi NEDIROW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty.