Meşhurlaryň durmuş ýolundan

17 Ýanwar 2022
1826

Meş­hur te­le­ke­çi, «Ali­ba­ba Group» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ran, Hy­ta­ýyň iň baý adamy Jek Ma her bir ada­ma özü­ňe yna­nyp, er­jel­lik bi­len zäh­met çe­ke­niň­de mak­sa­dy­ňa ýe­tip bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. En­çe­me meş­hur adam­la­ryň yk­ba­lyn­da bol­şy ýa­ly, onuň hem ro­waç­ly dur­mu­şa ta­rap ýo­ly çar­kan­dak­ly bo­lup­dyr. Iň­lis di­lin­de gür­leş­mek ba­şar­ny­gy­ny ös­dür­mek on­da ýet­gin­jek ýyl­la­ryn­dan baş­lap­dyr. Jek her gün myh­man­ha­na ba­ryp, ol ýe­re Ame­ri­ka­dan ge­len sy­ýa­hat­çy­la­ry hak al­maz­dan, ge­ze­len­je şä­he­re aý­lar eken. Ol bu — dil öw­ren­mek işi bi­len do­kuz ýyl meş­gul­la­nyp­dyr.

Jek Ma mek­de­bi ta­mam­lan­dan soň­ra ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne sy­na­ny­şyp, iki ýyl gi­riş sy­na­gyn­dan ge­çip bil­me­ýär. Oňa ahy­ry — üçün­ji ýyl tu­tan­ýer­li­lik bi­len taý­ýar­lan­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, mu­gal­lym­çy­lyk ug­ru­na oku­wa gir­mek ba­şar­dyp­dyr.

Gun­ça HA­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň 2-nji ýyl ta­ly­by.