Ylmy-amaly maslahat

6 Ýanwar 2022
1645

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary şäher komiteti bilen bilelikde, professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň, institutyň ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda energetika diplomatsiýasy barada ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda ýurdumyzda alnyp barylýan energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişiniň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipeler, durmuşa geçirilýän işler hakynda giňişleýin bellenildi. Maslahata bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler hem gatnaşyp, talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüzlenip, özara sowal-jogap alyşdylar.

Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektrik stansiýalary kafedrasynyň mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.