Adaty däl energiýa

9 Iýun 2021
2028

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýöredýän syýasy strategiýasynda daşky gurşawyň goraglylygynyň hem-de howpsuzlygynyň bölünmezliginiň we bitewiliginiň nazaryýet esaslary möhüm orun eýeleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa babatynda halkara-hukuk resminamalarynyň birnäçesine: şol sanda BMG-niň “Çölleşmä garşy göreş” hakyndaky konsepsiýasyna goşuldy. Konsepsiýa çölleşmek hadysasynyň öňüni almak we ony togtatmak, öri meýdanlaryny gowulandyrmak, süýşýän çägeleri berkitmek ýaly meseleleri öz içine alýar.