Reňklerden dünýä döreden gyz

8 Mart 2021
1700

«Zehin zehinden zyýada» diýilýär. Berkarar Watanymyzda sungatyň dürli ugurlary boýunça tapawutlanýan zehinli ýaşlary göreniňde, şeýle ukyp-başarnykly çagalaryň bardygyna diýseň buýsanýarsyň. Olaryň sanynyň barha artýandygy bolsa has-da guwandyryjy ýagdaý. Elbetde, ýurdumyzda zehin babatda kämilleşmek üçin ähli şertler bar. Şeýle ýaşlaryň biri hem şekillendiriş sungaty boýunça döreden eserleri bilen köpleriň berekellasyna mynasyp bolan Kowsär Abbasowadyr.

Kowsär Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy. Ol çagalykdan surat çekmegi gowy görýändigi üçin elinden galamyny düşürenok. Tebigy zehini hem-de surat çekmäge bolan höwesi ony 2016-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň gapysyndan alyp barýar. Ol geçen ýyl mekdebiň nakgaşçylyk bölümini tapawutlanan bahalar bilen tamamlady. Kowsäriň zehini mugallymlarynyň hem ünsüni çekýär. Şeýlelikde, ol döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp başlaýar. Şol döwürde Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen «Aşgabat — ata Watanymyzyň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginde baýrakly orny eýeleýär we Hormat haty bilen sylaglanýar. Şeýle hem şol ýylda özüniň şahsy sergisini gurap, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirligi tarapyndan ýokary derejeli sylaga mynasyp bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolýar.