«Dona gezek gelen bolsa...»

4 Mart 2021
1647

Ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolunyň ussady, meşhur Sapar süýrentginiň şägirdi Nazar baga Morsy ogly hakyndaky bu gürrüňi ony gözi bilen gören, ýakyndan diňlän, häzirem biziň aramyzda sag-aman ýaşap ýören 106 ýaşly kärdeşimiz Baba Garaýew gürrüň berdi:

— Baý, Nazar baga bagşy-dow, Sesi dagy bir menzildenem edil ýanyňda aýdyp oturan ýalydyr. Öňüne bagşy geçirmezdi. Ak öýlänler tirme aýdymlara tutup, zoruny görkezerdi. Adamlar bolsa ondan dessana garaşyp, şol yranyşyp oturandyrlar. Ýekejesi dagam ýerinden gozganaýsa nädersiň. Olar bagşynyň her bir hereketini gaty üns bilen synlardylar. Käbirleri bagşy bilen bile gygyryp, dyzlaryna galýady. Gözlerini pugta ýumup, kellesini ikiýana çaýkap, yranyp oturanlar hem bardy. Meniňem bagşyny ilkinji gezek görşümdi. Onuň at-owazasyny eşitsem-de, ýakyndan diňläp görmändim. Şonuň üçinem bagşyny aýratyn höwes bilen diňleýärdim. Onuň her bir hereketini synlaýardym. Bagşynyň egninde goşa don bardy. Donlaryň biri ýalaňgatdy, beýlekisi hywa çäkmenidi. Uzyn ak kamys köýneginiň üstünden ýasy guşak guşalandy. Donlarynyň synlary guşagyna gysdyrylgy bolansoň, bagşy has daýaw görünýärdi. Ol şol gezegem tä ýagyrnysyndan der görünýänçe aýdym aýtdy. Esli wagtdan soň, çäkmenini, soňra-da ýuka donuny hem çykardy. Şondan soň bagşa belet janköýerler ýeňillik bilen dem alyp, oňa golaý-golaý süýşüp başladylar. Men näbelet bolamsoň, gapdalymda oturan ýaşuludan bu ýagdaýyň sebäbini soradym. Şonda ol adam:

Nowruz GURBANMYRADOW,
«Edebiýat we sungat».