Nusgawy edebiýatda metaforalar

4 Mart 2021
2079

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlary boýunça nazary derňewleri netijeli alyp barmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, halkymyzy täze üstünliklere, belent özgertmelere ruhlandyrmakda egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmäge, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň döreden baý milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek işine hem uly üns berilýär.

Mugallymçylyk kärini ele alyp, ylmy gözleglere aralaşyp, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň özboluşly aýratynlygyna üns bermezlik asla mümkin däl. Çünki nusgawy edebiýatymyza, köküni geçmişiň gatlaryndan alyp gaýdýan halk döredijiligimize ýüzlenip, çuňňur pikir ýöredişe, ylmy nukdaýnazara ýugrulan ajaýyp milli baý edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şu makalada hem nusgawy edebiýatda we halk döredijiliginde guşçulyk leksikasyna degişli sözleri düýpli derňemegi makul bildik. Bu bolsa dilimiziň many kökleriniň örän giňdigine, onuň mümkinçilikleriniň örän uludygyna, heniz türkmen dilinde düýpli öwrenilmeli sözleriň örän köpdügine doly şaýatlyk edýär.

Ogulgül BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 137-nji orta mekdebiň mugallymy.