Pähim-paýhasy durlaýan eser

3 Mart 2021
1497

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininiň önümi bolan her bir eser halkymyzda uly seslenme döredýär. Bu olarda gozgalýan meseleleriň düýplüdigini, eserleriň çeperçilik derejesiniň örän ýokarydygyny aňladýar.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby-da baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda Zemin abatlygy, ylym-bilim, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik, pähim-paýhaslylyk hakda giňişleýin pikir ýöredilýär.

Nurbibi AÝJANOWA,
Balkanabat şäherindäki 36-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.