Ynsan ömrüniň nury

3 Mart 2021
1494

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem ilkinji nobatda saglyk-amanlyk soraşylýar» diýlip beýan edilýär. Lukmançylyk ylmynda uly yz goýup giden Ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň işleri, döreden eserleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan içgin öwrenilýär. Şeýle-de, Ali ibn Sahl Rabban, Ibn Musa we Seýit Ysmaýyl Gürgenli ýaly lukmanlar orta asyrlarda uly yz goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji tomunda şeýle setirler bar: «...Orta asyrlarda hut Merwde lukmançylyk ensiklopediýasynyň awtory Ali ibn Sahl Rabban (IХ asyr), onuň döwürdeşi, iýmitleniş kadalary, suw arkaly bejergi bermegiň usullary, gan almagyň düzgünleri, derman ösümlikleri we botanikanyň dürli ugurlary boýunça gymmatly ylmy işleri miras goýup giden Ibn Musa ýaly öňdebaryjy lukmanlar ýaşapdyrlar. Gündogaryň lukmançylygynda öçmejek yz galdyran, milli lukmançylygyň düýbüni tutujy Seýit Ysmaýyl Gürgenli keseli bejermek sungatyny ösdürmekde ägirt uly işleri bitiripdir. Bu alym ömrüniň soňky ýyllaryny Merwde, Soltan Sanjaryň köşgünde geçiripdir».

Beýik Seljuklar döwletinde ilkinji hassahanany Nişapurda guran Seljuklylar, döwletiň dörtden bir künjeginde hassahanalary gurdurypdyrlar. Bu hassahanalarda hassalar bejergi alypdyrlar, şeýle-de döwrüniň iň meşhur lukmanlary talyplara ders beripdirler. Hassahanalara jogapkär edilip bellenilen alymlar, hassalaryň ýagdaýy bilen ýakyndan tanşyp, dermanhanany öz gözegçiliginde saklapdyrlar. Hassahanalarda işleýän lukmanlary öz ugurlary boýunça gazanan üstünliklerine seredilip işe kabul edipdirler. Zenanlar üçin aýratyn bölümler bolupdyr, olaryň ýanynda medreseler, kitaphanalar gurlupdyr. Bu hassahanalarda dinine, diline, maddy ýagdaýyna garamazdan, hassalar kabul edilip, bejergi alypdyrlar.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.