Edebiýat sapagynda çeper eserleriň derňewi

14 Fewral 2021
1954

Edebiýat sapagy okuw-terbiýeçilik işiniň ähli döwürlerinde-de örän wajyplygy bilen tapawutlanýar. Edebiýat — bu çaganyň aňyny kemala getiriji, pikirleniş ukybyny ösdüriji sapakdyr. Okuw işiniň ähli etaplarynda aňlamak, duýmak, syzmak, düşünmek, ýat tutmak ýaly işler alnyp barylýar. Şol sebäpden edebiýaty ylmy taýdan öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şu zerurlygyň ilkinji ädimleri hökmünde edebiýat nazaryýetinden bölekler girizildi. Olar synplar boýunça toparlara bölünip, her bir edebiýat nazaryýeti geçilýän temasyna görä we çaganyň kabul ediş mümkinçiligine görä okuw kitabynda ýerleşdirildi. Bu bolsa öz gezeginde okuwçylaryň edebi eserleri özbaşdak derňemek işine itergi berdi.

Bilşimiz ýaly, edebiýatyň üç sany sütüni bolup, olar: edebiýat nazaryýeti, edebiýatyň taryhy we edebiýatyň tankydy diýlip atlandyrylýar. Alymlaryň arasynda bularyň haýsysynyň iň ilkinjidigi baradaky, haýsysyny ilkinji öwrenmelidigi baradaky pikirler häli-häzirlerem dowam edýär. Edebiýat nazaryýetiniň arassa ylmy häsiýetini göz öňünde tutup, biz olary başgaça “edebi kesgitlemeler” diýibem atlandyryp bileris. Islendik zadyň adynda bolsa, onuň özi hakynda kem-käsleýin ýa-da doly maglumatlar saklanýandyr. Eger-de edebiýat nazaryýeti edebi kesgitlemeler toplumy bolsa, onda okuwçylara şolar barada maglumat bermek örän ýerlikli işdir. Munuň şeýledigini mugallymçylyk tejribesindäki edebi derňew sapaklary hem subut edip gelýär. Edebi derňew sapaklary okuwçyda özbaşdak pikirlenmegi we netije çykarmagy terbiýeleýär.

Bägül ATAÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.