Toý-baýramly Aşgabat

1 Fewral 2021
1303

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi.

Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Aşgabat».