Hatyra

27 Ýanwar 2021
1642

Diňlesem, doýmajak dessanym, Watan

Türkmen okyjylary Geldi Bäşiýewi aýdymçy şahyr hökmünde, radiodiňleýjiler bolsa ony zehinli diktor hökmünde kabul edipdi. Ýöne okyjylar-da, radiodiňleýjiler-de ýalňyşmandylar. Geldi Bäşiýewiň goşgularyny okan, onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlary diňlän adamlar ony zehinli şahyr diýip tanadylar. Haçan-da, Geldi Bäşiýew radionyň mikrofonynyň öňüne geçip, gepleşik alyp baranda bolsa ol ussat diktordy. Radiodiňleýjiler ony mahmal sesinden dessine tanardylar. Ol bu hünäri saýlap, ýörite bilim alyp, tejribesini baýlaşdyryp, halypalaryň ençemesiniň mekdebini geçipdi. 1960-njy ýyllarda zähmet ýoluna başlan diktor az salymdan Geldi Döwletow, Oguljahan Mämikowa, Baýram Geldimyradow ýaly adygan diktorlaryň hatarynda tanalyp başlanypdy. Ol Moskwa radiosynda iş tejribeligini geçen döwründe meşhur diktor Ý. B. Lewitanyň diktorlyk sungaty boýunça okan leksiýalaryny diňläp, onuň ak patasyny alypdy.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum»