Bulaşyk saçly gyzjagaz (Hekaýa)

22 Ýanwar 2021
1685

Il arasynda «Köp çagaly öýde ýürek gysmaga wagtyň bolmaz» diýilýänem bolsa, ýalňyzlyk duýgusy meni çagalygymdan gurşap alypdy. Ýogsam, ýaş aýratynlygymyz üýtgeşik tapawutlanyp durmaýan çülpe çagalardyk. Maňa gyz jigi alyp berseler, ýalňyzlyk duýgusy çaga kalbymdan gider öýderdim. Ýöne bu niýetimem başa barmady. Bäbekhanadan getirilen gyz jigimiň hyrydary köp bolup çykdy. Her kim ony göterjekden, her kim onuň bilen oýnajakdan. Şonuň üçinem çaga kalbym ejemden ýene bir gyz jigi getirmegini haýyş etmeli diýen karara geldi.

— Eje, aý, eje!

Käbe SARENKO,
«Watan» radioýaýlymynyň işgäri.