Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry şanly ýylymyzda hem uly ruhubelentlige eýe boldy. Etrabyň Medeniýet öýünde bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa etrabyň çäginden dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar zenanlar gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjylar onuň degişli ugurlary we şertleri esasynda çykyş etdiler. Öňdebaryjy zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň asylly kärine bolan ukyp-başarnygy şol çykyşlarda aýdyň şöhlelendi.