Geljek ýylyň bol hasylynyň aladasy

13 sagat öň
34

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler möwsümleýin oba hojalyk işlerine uly ähmiýet berýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini alyp barmakda daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň her birinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşilýär. Bu işlerde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerilýär.

Etrabyň “ak altyn” ussatlary hem geljek hasylyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň çäginde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrýarlar, sürüm, tekizleýiş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu zatlar etrabymyzyň oba zähmetkeşleriniň geljek, 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrundaky tutanýerli işleýändigini görkezýär.

Maýa AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni.