«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Welosiped sportuň beýleki görnüşleri ýaly, adamyň hereketini işjeňleşdirýär. Ýöriteleşdirilen ugry boýunça doly aerob maşklary bolup, gan aýlanyş, dem alyş, daýanç hereket ediş ulgamyny berkidiji hasaplanýar. Welosiped ýürek-damar ulgamynyň işjeňligini gowlandyrýar. Şeýle-de, immun ulgamyny berkidýär. Dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar.