«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024
«Gyşyň gözelligi nämede?» diýen soraga, elbetde, her kim birhili jogap bermegi mümkin. Ýöne bu soraga köp adamlar iki sany jogaby berer. Olaryň birinjisi — gar, beýlekisi-de — Täze ýyl bolmaly. Geliň, bu gezek gyşyň gözelligi bolan gar hakynda söhbet edeliň! Ilkinji gar tozgajyklary zemine inende muny gören her bir ynsanyň göwni açylýar. Gyşyň adamlara şatlyk paýlamagy, gör, nähili buýsandyryjy. Agşamsyna gar ýagyp, ýeriň ýüzüni ak dona büremegi, säher bilen oýanan çagalaryň ýüzünde şatlyk duýgulary döräp, şolbada egnine galyňja geýimlerini geýip, gapydan daşara tarap ylgan çagalary görmegiň özi bagt. Sebäbi ol çagalar — gözelligiň, şatlyk şowhunyň muşdaklary.