Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Oňa Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow gatnaşdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu işler döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy şerti bolup durýar. Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.