26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi. Gahryman Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalar täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.