OWAZLY DÜNÝÄNIŇ TOLKUNLARYNDA

7 Noýabr 2024
371

Döwür özgerýär, şonuň bilen birlikde bizi gurşap duran tutuş barlyk hem şol özgerişi başdan geçirýär. Bu gün gözümiziň öwrenişen her bir närsesi ertir başga bir görnüşde peýda bolýar. Emma radio – şol öňki radio.

Internetiň, sanly we onlaýn teleýaýlymlaryň barha ynsan durmuşyna çuň aralaşýan döwründe radionyň möwriti geçip barýar diýýänler hem bar. Emma şeýle diýýänler hem barybir radio diňleýärler. Jemgyýetçilik ulaglarynda, öýde, işde arakesme mahaly bolsun tapawudy ýok, barybir olar radio diňleýändirler. Şahsy ulagyňda gidip barýansyň welin, özüňden bidin radionyň nurbatyny towlanyňy duýmarsyň. Edil gadyrdan byradaryň sesini küýsän ýaly, radio eşidesiň geler. Özem eşidesiň gelýänini bilmezden oňa gulak gerersiň. Uzakly gün radionyň sesi ýaňlanyp durýan öýler bar. Gije başujynda radio goýup, süýji uka gidýän ynsanlar bar. Henizem her gün ýüzlerçe, hatda müňlerçe adamlar radio tolkunlarynda durmuşynyň iň bagtly, iň arzyly günleriniň bagtyýarlygyny, ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar. Onsoň neneň radio möwritini ötüren diýip bilersiň. Radio möwritini ötürer ýaly ýönekeý tehnika däl ahyry. Onda ýürekdeşlik, hamraklyk bar. Onuň tolkunlary ynsanyň ýürek urgusyna çalymdaş. Onda ýürek bar, diýmek ol ýaşaýar, ol janly.

Bägül KAKALYÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.