Jeren LOKGAÝEWA, Sabyr Ataýewanyň gyzy:

6 Noýabr 2024
279

— Ejem bilen bagly ýadymda galan wakalaryň ählisini aýdyp çykjak bolsam uzak gürrüň. Esasy häsiýetlerini aýtsam, kiçigöwünli, ýüregi ýuka, içeriň arassaçylyk-tertibinde iňňän arassaçyl bolandygyny aýtmak gerek. Bize-de kiçiligimizden arassaçylygy öwrederdi. Işeňňirligi hem aňyrdan. Işden gelende elinde depder bar bolsa dagy, täze keşp tabşyrylandygydyr. Onsoň işiniň başyna barar, oýnamaly keşbini gowy «bişirer». Şonda menem bir ýardamçysy. Ssenariýadaky iki adamyň gepleşigini ýerine ýetirmeli bolsa biri mendim. Gepleşik wagty ýüzüne seretsem, oýundyr ýa taýýarlykdyram öýtmezdim. Ejem elinden gelse il-güne hemaýatyny gaýgyrmazdy. Bir gojanyň alkyş aýdyp, bokurdagyny doldurany henizlerem ýadymda. «Şasenem-Garyp» atly filmde surata düşende, garabagyr enäniň çekýän hasratyny görüp, filmi surata düşürip ýören operatorlaryň biriniň gözýaşyny saklap bilmedigini aýdardylar. Ejem halk bilen bir jandy. Şonuň üçin halkyň söýgüsinem gazandy diýip biljek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen şeýle ynsanlaryň sarpasy has-da belent tutulýar. Arkadag şäherindäki köçeleriň birine ejemiň adynyň dakylmagam uly hormatdan nyşan. Munuň üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.