Oba ho­ja­ly­gy yl­my esas­da ös­dü­ril­ýär

4 Oktýabr 2024
284

Ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we ola­ryň to­hum­çy­ly­gy­ny yl­my esas­da ul­gam­la­ýyn alyp bar­mak bo­ýun­ça iş­ler yzygiderli kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­tan azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Ýur­du­myz di­ňe bir azyk­lyk däl, eý­sem, to­hum­lyk bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de hem uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar. Bu ugur­da­ky iş­ler hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar­na­ma eýe bo­lup, Türk­me­nis­tan 2015-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) ýö­ri­te sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça mö­hüm fo­rum­la­ryň ge­çi­ri­len mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da «Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň to­hum­çy­ly­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.