Ha­ty­ra gü­ni – ha­ky­da gü­ni

4 Oktýabr 2024
325

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna hormat goýulýar, olaryň edermenligi çuňňur sarpalanýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilmegi şol asylly işleriň aýdyň mysaly bolup durýar.

Bag­ty­ýar hal­ky­myz öz­le­ri­niň bu gün­ki aja­ýyp dur­mu­şy üçin Wa­tan ogul­la­ry­nyň ha­ty­ra­sy­ny be­lent tut­ýar, hor­mat bi­len sar­pa­la­ýar. Ola­ryň hor­ma­ty­na gö­zel paý­tag­ty­myz­da bi­na edi­len «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da­ky «Ru­hy tag­zym», «Mil­le­tiň ogul­la­ry», «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne tag­zym edip, ger­çek­le­riň syn­maz ru­hu­na sar­pa­sy­ny bil­dir­ýär. Gök­de­pe ga­la­sy­ny go­ran ata-ba­ba­la­ry­my­zyň, 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk ur­şu­nyň gah­ry­man­la­ry­nyň, 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýertit­re­me­si­niň şe­hit­le­ri­niň ha­ty­ra­sy­na di­ki­len ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my bu gün­ki bag­ty­ýar dur­muş üçin ne­sil­le­riň ola­ra goý­ýan uly hor­ma­ty­nyň be­lent ny­şa­ny­dyr.